Söz ussady Magtymguly atamyzyň “Çille dolup, garlar gyşdan aýrylsa” ýa-da halk nakylynda “Gaňtar agsa, gar durmaz” diýlişi ýaly, türkmen halkynyň aý-gün hasaby boýunça, fewral aýynyň 21-inde gyş gutaryp, togsan dolýar. Türkmenleriň çarwa hasaby boýunça aňzakly gyş gutaryp, pasyllaryň soltany ýaz başlanýar. Bu hasaba türkmenler “teke nowruzy”, “togsan doldy”, şeýle hem “Çarwa nowruzy” diýýärler. Beýik Magtymguly şahyryň aýdyşy ýaly, “Ýaz pasly meýdan ýagşydyr, bahar jahanyň nagşydyr” diýen pasly başlanýar. Muny “Ilkagşam Ülkerim depämde bolsa, ýazym üstümde bolar” diýen halk pähimi hem tassyklaýar.
Çarwa nowruzy döwri, fewral aýynyň 22-sinden tä mart aýynyň 20-sine çenli dowam edýär. Çarwa halky bu döwri “ýelin aýy” diýip hem atlandyrýar. Bu döwürde çarwalaryň, çopandyr çoluklaryň işi özüne ýetik bolýar. Owlak-guzy alynýar. Hortaň mallara goşmaça ideg edilýär.
“Nowruzyň gaýynda, togsanyň haý-haýynda” diýlişi ýaly, fewral aýynyň ahyrky we mart aýynyň birinji ongünlüginde howa diýseň durnuksyz bolýar. Tebigatda bahar alamatlary birbada ýüze çykmaýar, olar dura-bara peýda bolýarlar, käbir ýyllarda bolsa, olar sowuk zerarly tutuşlaýyn togtap, aňzakly gyş täzeden başlanýar duruberýär. Galyň gar düşýär. Howanyň sowuklygy gündizlerine-de 5-6 dereje bolýar. Togsan dolandan soň hem, şeýle günler biziň ýurdumyzda az bolanok.
Çarwa nowruzy gyş bilen bahar paslynyň çalyşýan döwri bolany sebäpli, ýyly howalar häli-şindi sowuk howalar bilen bulaşyp durýar. Lemmer-lemmer bulutlar aralaşýar-da, ýagyşly-garly howalar bolýar. Käbir ýyllarda dowamly gamaşyk howalar köp gaýtalanýar ýa-da maýyl howalar agdyklyk edip, miweli agaçlaryň pyntyk ýaryp, gülleýän wagtlaram seýrek bolmaýar. Otlar dürterip başlaýar, ownuk mallar gyltyma kowalaşyp ugraýar. Ýaz gelip, gyrtyçlar dürterende, otlap ýören goýun sürüsini görüp, “heý, agyzlaryna bir zat ilýärmikä“ diýeniňi duýman galýarsyň.
Umuman alanyňda, Çarwa nowruzy özboluşly howasy bilen tapawutlanýar. Halk ony öz hakydasynda jemläpdir: “Irden düşen ýazdan gork, enesiz ösen gyzdan gork” ýa-da “Alabahar alty gün, altysy-da gaty gün”.
Il içinde çeltegiň togsany diýen gürrüň hem bar. Ýaşuly adamlaryň aýtmagyna görä, Çeltek obasynda aý-gün hasabyny ýöredýän adama Gögüş aga diýer ekenler. Ynha-da bir gün, Gögüş şu gijeden (fewral aýynyň 12-si) gyş gutarýar diýip, jar çekdiräýmezmi? Togsan doldy, hasap hutma-hut diýýär. Şol gije-de howa sowap, galyň gar düşüpdir. Gögüşiň aýaly irden daşaryk çyksa, arkasyna çuwal atylan arryk düýesi garyň aşagynda zordan görünýän eken. Ol öýe kürsäp girip: “Segseniň-de gursun, togsanyň-da, Gögüş, düýämize näme bolaýypdyr?! Ol janawar garyň aşagynda galypdyr” diýenmiş. Onda Gögüş howlukman: “Be, ýalňyşaýdykmykan, hany saryýagly golça eliňi sokup gör, ýag doňmy ýa-da erginmi!” diýip sorapdyr. Aýaly “Ergin” diýip jogap beripdir. Onda: “Hop ýagşy, ýalňyşmandyrys. Bu gar günorta çenli erär” diýip, Gögüş aýdanmyş. Onuň aýdyşy ýaly, gar şol gün eräp gutarypdyr. Gyş paslynyň Çarwa nowruzy döwri barada şahyr Ata Gurbanow “Ỳyl hasaplanỳar” diýen goşgusynda şeỳle teswirleỳär:
Çeltek hasabynda togsan dolanda,
Fewralyň onunda gar hem ỳaganda,
Şol gün eräp suwlar böreň bolanda
Ỳere ỳyly gitdi diỳp hasaplanỳar.
Fewralyň ỳigrimsi türkmen nowruzy
“Gar ỳagsa-da ỳerde ỳatmaz“ bil sözi,
Garga dili, gülüň açylar ỳüzi,
Bahar buşlukçysy ol hasaplanỳar.
Hawa, Çarwa nowruzynyň başlanan güni ata-babalarymyzyň aý-gün hasabynda gyşyň gutaranlygynyň, ýaz paslynyň bolsa başlananlygynyň çelgisidir.
Enesoltan Gurbandurdyỳewa,
Magtymguly adyndaky TDU-nyň
Geografiỳa fakultetiniň gidrometeorologiýa kafedrasynyň uly mugallymy.