– Men dolandyryjy partiýanyň syýasy geňeşiniň kararyny mälim edýändigime buýsanýaryn. Çünki partiýanyň agzalary Anjeý Dudanyň dalaşgärligini biragyzdan goldaýar – diýip Kaçinskiý aýtdy.
Öz gezeginde partiýanyň maslahatynda çykyp geplän döwlet ýolbaşçysy Anjeý Duda Polşanyň ähli raýatlarynyň bähbitlerine eýerýän syýasata goldaw bermäge çagyryş etdi. Ýurduň parlamentiniň aşaky palatasynyň wise-spikeri Malgožata Kidawa-Blonskaýa saýlawlara öz dalaşgärligini hödürlemegi meýilleşdirýär. Şeýle hem, žurnalist hem-de alyp baryjy Şimon Holownýa, Polşanyň daýhan partiýasynyň başlygy Wladislaw Kosinýak-Kamyş bu saýlawlara gatnaşjakdygyny mälim etdiler.
Polşada Prezident saýlawlary göni ses bermek arkaly amala aşyrylýar. Eger-de birinji tapgyrda dalaşgärleriň hiç birisi 50 göterimden ýokary ses gazanyp bilmese, onda ikinji tapgyry bellenip, oňa birinji we ikinji orunlary eýelän dalaşgärler gatnaşýarlar. Prezidentlige dalaşgär hökmünde bellige alynmak üçin, oňa azyndan 100 müň gol gerekdigi mälim edilýär. “Hukuk we adalat” partiýasy 2015-nji ýyldan bäri häkimiýeti dolandyryp gelýär. Resmi maglumatlara görä, ilaty 38 million 652 müňden gowrak bolan Polşada ses bermäge 30 milliondan gowrak adamyň hukugy bar.
Polşanyň häzirki Prezidenti Anjeý Duda geljekki döwlet Baştutanynyň saýlawlaryna dolandyryjy partiýa “Hukuk we adalat” tarapyndan dalaşgär boldy. Bu barada partiýanyň başlygy Ýaroslaw Kaçinskiý mälim etdi. Polşada saýlawlaryň birinji tapgyry 10-njy maýda, zerur halatynda ikinji tapgyry 24-nji maýda geçiriler. Ýurtda geçirilen pikir soralyşyklara görä, saýlawlarda häzirki Prezident Anjeý Duda ýeňiş gazanar diýlip garaşylýar.