Ýakyn wagtda Wengriýanyň Balaton etrabynda ilkinji halkara aeroporty peýda bolar. Bu howa menzili täsin kölüň töweregini gurşap alýan köp sanly kiçi şäherçeleriň biri – Hewizde gurlar. Bu üstünlik daşary ýurtly jahankeşdeleriň arasynda Balatonyň barha artýan meşhurlygy bilen baglanyşyklydyr. Halkara aeroporty gurlandan soň, Frankfurt, London, Tel-Awiw we Oslo şäherlerinden Hewize göni gatnawlar amala aşyrylar.
Wengriýanyň günbatarynda ýerleşýän Balaton Merkezi Ýewropadaky iň uly köl hasaplanýar. Balatonyň kenarlarynda Wengriýanyň möhüm şypahanalary ýerleşip, olar mineral we ýyly çeşmelere diýseň baýdyr. Kölde gämi gatnawy ýola goýlup, balykçylyk hem ösendir.