Lýuksemburgda 1-nji martdan başlap jemgyýetçilik ulaglarynyň tölegsiz boljakdygy mälim edildi. Ýurduň adybir paýtagtyndaky we beýleki şäherlerindäki ähli otlular, tramwaýlar we awtobuslar ýolagçylara tölegsiz hyzmat eder. Ilaty ýarym milliondan gowrak bolan Ýewropa ýurdunda bu düzgüne geçilmegi 2018-nji ýyldan bäri göz öňünde tutulýardy. Ýurt daşky gurşawa ýetirilýän zyýany we awtoulag sürülmegini azaltmak maksady bilen şeýle düzgüni ýola goýýar. Mundan ozal Estoniýanyň paýtagty Tallinde hem jemgyýetçilik ulaglary tölegsiz edilipdi. Emma Lýuksemburg jemgyýetçilik ulagyny tölegsiz hödürleýän ilkinji ýurt bolar.