Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň taý­syz ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de hu­su­sy te­le­ke­çi­li­gi ös­dür­mek­li­ge döw­let ta­ra­pyn­dan uly gol­daw­la­ryň be­ril­me­gi, ola­ryň ýur­duň je­mi içer­ki önüm­dä­ki pa­ýy­nyň has-da ýo­kar­lan­ma­gy­na şert dö­red­ýär. Mä­lim bol­şy ýa­ly, hä­zir­ki wagt­da ýur­du­my­zyň mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň dür­li pu­dak­la­ryn­da ön­dü­ril­ýän önü­mle­riň köp bö­le­gi döw­le­te de­giş­li bol­ma­dyk hu­su­sy te­le­ke­çi­ler ta­ra­pyn­dan ön­dü­ril­ýär. Mu­nuň özi bol­sa ýur­du­myz­da te­le­ke­çi­ler üçin dö­re­dil­ýän giň müm­kin­çi­lik­le­riň, ýe­ňil­lik­le­riň hem-de döw­let ta­ra­pyn­dan be­ril­ýän gol­da­wyň ne­ti­je­si­dir.
Mu­ňa mil­li Li­de­ri­mi­ziň golaýda geçirilen san­ly wi­deoa­ra­gat­na­şyk ul­ga­my ar­ka­ly Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň mej­li­sin­de te­le­ke­çi fi­zi­ki we ýu­ri­dik şahs­la­ryň ama­la aşyr­ýan tas­la­ma­la­ry­ny ma­li­ýe­leş­dir­mek ha­kyn­da­ky ta­ry­hy Ka­ra­ra gol çek­me­gi aý­dyň gü­wä geç­ýär. Şol res­mi­na­ma la­ýyk­lyk­da, Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň ag­za­la­ry­nyň ama­la aşyr­ýan tas­la­ma­la­ry­ny ma­li­ýe­leş­dir­mä­ge 10 mil­li­on ame­ri­kan dol­la­ry möç­be­rin­de ma­ýa go­ýum­la­ry go­ýul­ýar.

Hä­zir­ki wagt­da ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti ba­zar gat­na­şyk­la­ry esas­la­ryn­da ös­dü­ril­ýär. Şol ba­bat­da 2018-2024-nji ýyl­lar­da ki­çi we or­ta te­le­ke­çi­li­gi gol­da­mak bo­ýun­ça yzy­gi­der­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän Döw­let mak­sat­na­ma­sy ýur­du­myz­da te­le­ke­çi­lik işi­ni hö­wes­len­dir­mek ar­ka­ly yk­dy­sa­dy ösü­şi we dur­muş de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­ga giň müm­kin­çi­lik dö­red­ýär.
Hä­zir­ki dö­wür­de te­le­ke­çi­ler döw­le­tiň gol­daw ber­me­gin­de yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň dür­li ugur­la­ryn­da uly iş­le­ri alyp bar­ýar­lar. Olar hal­ka­ra bäs­le­şik­le­rine iş­jeň gat­naş­ýar­lar. Ýur­du­my­zyň te­le­ke­çi­le­ri­niň öz ban­ky bo­lup, olar di­ňe bir ýur­du­my­zyň çäk­le­rin­de däl, eý­sem, da­şa­ry ýurt­lar­da-da tä­ze des­ga­la­ry gur­ýar­lar. Türk­men te­le­ke­çi­le­ri Awst­ri­ýa­da, Hy­taý­da, Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­rin­de öz we­kil­ha­na­la­ry­ny aç­dy­lar.
Go­laý­da, mil­li Li­de­ri­miz hu­su­sy pu­da­gyň gur­lu­şyk pu­da­gyn­da­ky iş­le­ri­ni has-da hö­wes­len­dir­mek mak­sa­dy bi­len hem bir­nä­çe mö­hüm çöz­güt­leri ka­bul et­di. Şo­la­ryň ha­ta­ryn­da Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­ne Ahal we­la­ýa­ty­nyň tä­ze, döw­re­bap eda­ra ediş mer­ke­zi­niň des­ga­lar top­lu­my bi­na edi­len­de we döwrebaplaşdyrylanda ze­rur bo­lan en­jam­la­ry, teh­ni­ka­ny we gur­lu­şyk se­riş­de­le­ri­ni da­şa­ry ýurt­lar­dan sa­tyn al­mak üçin döw­let se­riş­de­le­rin­den ABŞ-nyň 1,5 mil­liard dol­la­ry­na go­laý pul se­riş­de­si­ni bö­lüp ber­mek ha­kyn­da res­mi­na­ma­ny gör­kez­mek bo­lar. Ýur­du­my­zyň te­le­ke­çi­le­ri gur­lu­şyk pu­da­gyn­da işe­wür­li­gi ös­dür­ýär­ler hem-de bu ugur­da has iri şert­na­ma­la­ry bag­laş­ýar­lar. Olar iri des­ga­la­ry, şol san­da Aş­ga­bat­da tu­tuş ýa­şa­ýyş jaý top­lum­la­ry­ny, ka­şaň myh­man­ha­na­la­ry, “Awa­za” mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da sport we dynç alyş mer­kez­le­ri­ni, se­na­gat we gaý­ta­dan iş­le­ýän kär­ha­na­la­ry gur­ýar­lar.
Ozal hem döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­ne Aş­ga­bat-Türk­me­na­bat aw­to­ba­ny­nyň gur­lu­şy­gy üçin ABŞ-nyň 2,3 mil­liard dol­la­ry­ny, Le­bap we­la­ýa­tyn­da­ky Tü­bi­ga­tan ka­liý dö­kün­le­ri kä­nin­de Mag­dan baý­laş­dy­ry­jy top­lu­myň gur­lu­şy­gy üçin 600 mil­li­on dol­la­ry bö­lüp ber­di. Bu my­sal­lar ýur­du­myz­da te­le­ke­çi­li­gi ös­dür­mä­ge gö­nük­di­ri­len iri ma­ýa go­ýum se­riş­de­le­ri­dir.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­da dur­ma­gyn­da ýur­du­myz­da ama­la aşy­ryl­ýan düýp­li öz­gert­me­le­riň mak­sa­dy mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­zi kuw­wat­lan­dyr­mak­dan, hal­ky­my­zyň eş­ret­li dur­mu­şy­ny has-da go­wu­lan­dyr­mak­dan we aba­dan­çy­ly­gy­ny üp­jün et­mek­den yba­rat­dyr. Bu ba­bat­da esa­sy ugur­la­ryň bi­ri-de te­le­ke­çi­li­gi ös­dür­mek­dir. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň “Bi­ziň öňü­miz­de mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti güýç­li dep­gin­ler bi­len ös­dür­mek bo­ýun­ça giň ge­rim­li stra­te­gik we­zi­pe­ler dur­ýar. Bu mak­sat­la­ra ýet­mek üçin te­le­ke­çi­li­gi gol­da­mak, te­le­ke­çi­le­riň hu­kuk­la­ry­ny go­ra­mak üçin yzy­gi­der­li iş­ler do­wam et­di­ril­ýär. Hu­su­sy pu­da­ga şeý­le gol­da­wy bol­sa di­ňe kuw­wat­ly, ada­lat­ly we dur­nuk­ly ös­ýän döw­let be­rip bi­ler” di­ýip bel­leý­şi ýa­ly, ýur­du­myz­da te­le­ke­çi­li­gi ös­dür­mä­ge giň müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­ýär. Türk­men te­le­ke­çi­le­ri ýo­ka­ry hil­li azyk, gur­lu­şyk we beý­le­ki önüm­le­riň we ha­ryt­la­ryň bol­çu­ly­gy­ny dö­ret­mek­de uly iş­le­ri alyp bar­ýar­lar. Hu­su­san-da, oba­se­na­gat top­lu­my, sy­ýa­hat­çy­lyk, söw­da, dok­ma we azyk se­na­ga­ty, ulag, hyz­mat­lar ul­ga­my hem-de gur­lu­şyk se­na­ga­ty ugur­la­ryn­da te­le­ke­çi­le­re uly orun de­giş­li­dir.
Mil­li Li­de­ri­mi­ziň yzy­gi­der­li gol­daw ber­me­gi ne­ti­je­sin­de ýur­du­myz­da elekt­ron se­na­ga­ty ýo­ka­ry dep­gin­ler­de ös­dü­ril­ýär, bu ugur­da hem hu­su­sy pu­da­gyň we­kil­le­ri­ne uly orun de­giş­li­dir. Halk ho­ja­ly­gy­nyň äh­li ugur­la­ryn­da­ky te­le­ke­çi­li­giň or­nu­nyň gi­ňe­me­gi bi­len ýur­duň da­şyn­dan ge­ti­ril­ýän ha­ryt­la­ryň möç­ber­le­ri­ni azalt­ma­ga hem-de ila­ty köp­çü­lik­le­ýin is­leg­den peý­da­lan­ýan ha­ryt­lar bi­len el­ýe­ter­li ba­ha­dan üp­jün et­mä­ge müm­kin­çi­lik dö­re­dil­ýär.
Ba­zar gat­na­şyk­la­ry­nyň aý­ryl­maz bö­le­gi hök­mün­de te­le­ke­çi­li­gi ös­dür­mek ýur­du­my­zyň dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ösü­şi­niň stra­te­gi­ýa­sy­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir. Te­le­ke­çi­ler ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň yg­ty­bar­ly he­re­ket­len­di­ri­ji güý­jü­dir.
Ýur­du­myz­da te­le­ke­çi­li­ge giň ýol aç­ýan, ba­zar yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ne ge­çiş döw­rün­de hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­mu­şy­ny yzy­gi­der­li go­wu­lan­dyr­mak ba­ra­da uly ta­gal­la­la­ry dur­mu­şa ge­çir­ýän hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ja­ny sag, öm­ri uzak bol­sun!

Gur­ban­my­rat DÖW­LE­TOW,
S. A. Ny­ýa­zow adyn­da­ky TO­HU-nyň uly mu­gal­ly­my.