22-nji few­ral­dan 1-nji mart ara­ly­gyn­da Pa­riž­de 57-nji ge­zek gu­ral­ýan Hal­ka­ra oba ho­ja­lyk ser­gi­si “Pa­ris In­ter­na­tio­nal Ag­ricul­tu­ral Show 2020”-niň açy­lyş da­ba­ra­sy­na Fran­si­ýa­nyň Pre­zi­den­ti Em­ma­nu­el Mak­ron gat­naş­dy. Bu hal­ka­ra ser­gi­­sinde müň­den gow­rak şe­re­ket­le­riň önüm­le­ri hö­dür­len­di.

– Biz öz fer­mer­le­ri­mi­ze hem-de daý­han­la­ry­my­za gol­daw ber­me­li­di­ris. Hä­zir­ki wagt­da bi­ziň oba ho­ja­lyk iş­gär­le­ri­miz­den eko­lo­gi­ýa, hil we önüm­le­riň howp­suz­ly­gy ba­bat­da ta­lap­lar has-da art­ýar­ka, ola­ryň hem is­len­dik öz­ge­riş­lik­le­re taý­ýar­dy­gy­na göz ýe­tir­dik. Fran­suz we Ýew­ro­pa hä­ki­mi­ýet­le­ri ta­ra­pyn­dan öňe sü­rül­ýän me­se­le­le­riň bi­ri hem eko­lo­gik ta­lap bo­lup, ol, esa­san, sag­lyk üçin zy­ýan­ly hi­mi­ki dö­kün­le­riň ula­nyl­ma­gy­ny çäk­len­dir­mek­den yba­rat­dyr. Biz oba ho­ja­ly­gy­my­zyň güýç­li ta­rap­la­ry­ny go­rap, ze­rur öz­ge­riş­lik­le­ri ga­zan­ma­ly, se­bä­bi bi­ziň jem­gy­ýe­ti­miz şeý­le öz­ge­riş­lik­le­riň bol­ma­gy­na sa­byr­syz­lyk bi­len ga­raş­ýar – di­ýip, Em­ma­nu­el Mak­ron bel­le­di.
Her ýyl­da gu­ral­ýan bu ser­gi­niň baş mak­sa­dy soň­ky bir­nä­çe ýy­lyň için­de ga­za­ny­lan üstünlikleriň oba ho­ja­ly­gy­na or­naş­dy­ry­ly­şy­ny aýan et­mek­den yba­rat­dyr. Bu gazanylanlar bu ýer­de ge­çi­ril­ýän fran­suz oba ho­ja­lyk mas­la­hat­la­ryn­da hem aý­ra­tyn dur­lup ge­çil­ýär. Ser­gi­de mal­dar­çy­lyk, dä­ne we ösüm­lik, oba ho­ja­ly­gy aý­ra­tyn üns mer­ke­zin­de bol­dy. Ser­gi­niň mal­dar­çy­lyk bö­lü­min­de sy­gyr­la­ryň, at­la­ryň, ge­çi­le­riň, go­ýun­la­ryň, öý guş­la­ry­nyň, it­le­riň dür­li to­hum­la­ry gör­ke­zil­ýär. Aş­ha­na önüm­le­ri bö­lü­min­de bol­sa, gar­ba­nyş­ha­na­lar we jem­gy­ýet­çi­lik iý­mi­ti üçin ni­ýet­le­nen iň go­wy önüm­ler hö­dür­len­ýär. Şo­nuň ýa­ly hem ser­gi­de dür­li to­hum­lar, bag­ban­çy­lyk, to­kaý ho­ja­ly­gyn­da ula­nyl­ýan gu­ral­lar gör­ke­zil­ýär.