Häzirki wagtda ýurdumyzda 2019 – 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda, täzeçil ulgamy we maglumat-kommunikasiýa tehnologiýasyny ornaşdyrmak bilen baglanyşykly ylym hem-de bilim ulgamlarynda uly işler alnyp barylýar. Häzirki bilim ulgamyny sanlylaşdyrmak, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýasy boýunça ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak boýunça zerur işler berjaý edilýär. Il bähbitli bu işde maglumat tehnologiýasy aýratyn orun eýeläp, sanly ulgamy ösdürmäge uly itergi berýär.
Maglumat tehnologiýasy – bu söz köp wagtdan bäri bize tanyş bolup, häzirki zaman adamsynyň durmuşyna mäkäm ornaşdy. Çünki häzirki zaman dünýäsiniň alyp barýan işleri maglumat tehnologiýasy arkaly takyk beýan edilýär. Ýöne, “Maglumat tehnologiýasy näme?” diýen sowalyň birbada köpleri kyn ýagdaýda goýýan halatlary bolýar. Geliň, onda özümizi şeýle oňaýsyz ýagdaýdan halas etmäge çalşyp, maglumat tehnologiýasy baradaky düşünjämizi çuňlaşdyralyň!
Maglumat tehnologiýasy (IT) maglumatlary toplamak, saklamak, işläp taýýarlamak we ýaýratmak üçin ulanylýan usullaryň we serişdeleriň jemidir. Häzirki wagtda adamzadyň alyp barýan işleri, şeýle tehnologiýalara gönüden-göni bagly bolup, olar birsyhly ösdürilýär. Maglumat tehnologiýasy boýunça işgärler ýa-da “aýtiçiler” diýlip, atlandyrylýan köp sanly hünärmenler, bu ugurda uly ösüşleri amala aşyrmak üçin tagalla edýärler. Olaryň işi kompýuter tehnologiýasy bilen baglanyşykly bolup, birnäçe toparlara bölünýär.
Kompýuter tehnologiýasy we beýleki tehniki enjamlar bilen iş salyşýan hünärmenler.
Kompýuter we beýleki hasap enjamlary üçin, programma üpjünçiligini döredýän hünärmenler.
Taýýar maglumat önümleri bilen iş salyşýan hünärmenler.
Ilkinji iki toparyň wekilleriniň ygtyýarynda kompýuter tehnologiýasy bolup, adamzadyň maglumatlary haýsy tär bilen ugradyp hem-de alyp biljekdigi, diňe olara bagly bolup durýar. Mysal üçin, oňa kompýuter enjamlaryny işläp düzüji inženerler, ulgamlaýyn iş dolandyryjylar, dürli ugurlar boýunça programmaçylar, programma üpjünçiligini synagdan geçirijiler, saýt taýýarlaýjylar, maglumat howpsuzlygy boýunça hünärmenler girýär.
Üçünji topara bolsa, web-programmaçylar, web-dizaýnerler, mazmun-dolandyryjylar, internet taslamalarynyň menejerleri, gözleg boýunça hünärmenler girip, olar taýýar maglumatlar bilen işleýärler. Olar, esasan, alnan maglumaty toplamak, düzmek, bezemek we rejelemek ýaly işler bilen meşgullanýarlar.
Häzirki wagtda islendik edara-kärhanalara nazar aýlasak, olaryň hiç birisiniň hem kompýuter tehnologiýasyndan üzňe däldigine göz ýetireris. Hatda maglumat tehnologiýasy bilen onçakly iş salyşmaýan köp sanly şereketleriň hem kompýuter enjamlaryndan gowy baş çykarýan hünärmenleri bar. Bu bolsa, maglumat tehnologiýasy bilen işleýän hünärmenlere has uly zerurlygyň bardygyna güwä geçýär.
Bilermenler ýakyn ýyllarda internet we mobil programmalary işläp düzýän hünärmenlere zerurlygyň has-da artjakdygyny çaklaýarlar. Ýöne eýýäm, nusgawy hala gelen ozalky ulanylyp gelýän programma üpjünçiliginiň hiç haçan öz ähmiýetini ýitirmejekdigi öňe sürülýär.
Maglumat tehnologiýasy tiz üýtgäp durýan gurşaw bolup, onda ýygy-ýygydan köp sanly täzeçil çemeleşmeler, taslamalar, üýtgeşiklikler bolup durýar. Mysal üçin, aragatnaşyk ulgamynda dürli hyzmat torlary, şol sanda, mobil aragatnaşyk torunyň bäşinji nesli peýda bolup, geljekde ol has uly ösüşlere eýe bolar. Häzirki wagtda maglumat tehnologiýasy pudagynda tehnologiýalary işläp düzmek we olary öndürmek boýunça anyk ugurlar peýda bolup, olar barha kämilleşýär.