24-25-nji few­ral­da ABŞ-nyň Pre­zi­den­ti Do­nald Tramp iki gün­lük sa­par bi­len il­kin­ji ge­zek Hin­dis­tan­da bol­dy. Ol öz sa­pa­ry­ny ýur­duň iň iri şta­ty Gu­ja­rat­dan baş­la­dy. ABŞ-nyň Pre­zi­den­ti­niň Hin­dis­ta­na sa­pa­ry hin­di te­le­ýaý­lym­la­ry ar­ka­ly gö­ni ýaý­lym­da be­ril­di. We­ki­li­ýe­tiň dü­zü­min­de, esa­san, mil­li howp­suz­lyk bo­ýun­ça Pre­zi­den­tiň kö­mek­çi­si Ro­bert O’Bra­ýen, söw­da mi­nist­ri Wil­bur Ross, ener­ge­ti­ka mi­nist­ri Den Bru­ýett, Ak Ta­myň met­bu­gat sek­re­ta­ry Ste­fa­ni Gri­şem, Pre­zi­den­tiň mas­la­hat­çy­sy we gy­zy Iwan­ka Tramp, şeý­le hem Pre­zi­den­tiň baş mas­la­hat­çy­sy we gi­ýe­wsi Ja­red Kuş­ner bar.
Sa­pa­ryň il­kin­ji gü­ni ABŞ-nyň Pre­zi­den­ti Do­nald Tramp we onuň bi­len ba­ran we­ki­li­ýet Ah­me­da­bad­da açy­lan ýur­duň iň uly kri­ket sta­dio­nyn­da gu­ra­lan köp­çü­lik­le­ýin çä­rä gat­naş­dylar. “Motera” atly bu sta­di­on­da Tramp we Hin­dis­ta­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri Na­rend­ra Mo­di şol ýere ýyg­na­nan müň­ler­çe mä­re­kä­niň öňün­de çy­kyş et­di­ler. Do­nald Tramp we aýa­ly Me­la­ni­ýa Tramp bu ýe­re gel­mez­den öň, Hin­dis­ta­nyň mil­li azat edi­ji­lik he­re­ke­ti­niň li­de­ri Ma­hat­ma Gan­di­niň ýa­şan we wa­gyz-ne­si­hat iş­le­ri­ni ge­çi­ren öýü­ne ba­ryp gör­dü­ler.
Soň­ra Tramp we onuň aýa­ly Ag­ra şä­he­ri­ne ba­ryp, bu ýer­dä­ki 1632-1653-nji ýyl­lar ara­ly­gyn­da gur­lan Täç­ma­hal aram­gä­hi­ne ba­ryp gör­dü­ler. On­dan soň­ra, Ak Ta­myň ýol­baş­çy­sy Nýu-De­lä ug­ra­dy. Do­nald Tramp sa­pa­ry­nyň ikin­ji gü­ni Hin­dis­ta­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri Na­rend­ra Mo­di hem-de ýur­duň Pre­zi­den­ti Ram Nath Ko­wind bi­len gep­le­şik­ler ge­çir­di. Şeý­le hem, du­şu­şyk­lar­da ba­ha­sy 3 mil­liard dol­la­ra deň bo­lan ame­ri­kan teh­ni­ka­la­ry­ny Hin­dis­ta­na ug­rat­mak ba­ra­da­ky yla­la­şy­ga gol çe­kil­di. Bu­lar­dan baş­ga-da, ABŞ-nyň Pre­zi­den­ti ýur­duň işe­wür to­par­la­ry hem-de ABŞ-nyň Hin­dis­tan­da­ky il­çi­ha­na­sy­nyň iş­gär­le­ri bi­len du­şuş­dy. Pre­zi­dent köş­gün­de Do­nald Tram­pyň hor­ma­ty­na ag­şam­lyk na­ha­ry be­ril­di. Do­nald Tram­pyň Hin­dis­ta­na sa­pa­ry iki ýur­duň işewür toparlarynyň söw­da gep­le­şik­le­ri­niň geç­ýän döw­rü­ne ga­bat gel­di.
Iki ýurt bi­ri-bi­ri üçin mö­hüm söw­da hyz­mat­da­şy bo­lup dur­ýar­lar. Hin­dis­tan Hy­taý­dan soň­ra ABŞ-nyň esa­sy söw­da hyz­mat­daş­la­ry­nyň ha­ta­ryn­da dur­ýar.