Italiýanyň günortasyndaky gadymy Rim şäheri Pompeide jahankeşdeleriň baryp görmegi üçin ýene-de üç bina abatlanyp, ulanmaga berildi. Bu barada Pompeiniň binagärlik edarasynyň resmi saýtynda mälim edilýär. Bu binalar “Casa degli Amanti”, “Casa del Frutteto” we “Casa della Nave Europa” diýlip atlandyrylýar. Olar alty ýylyň dowamynda abatlandy.
“Casa degli Amanti” has abat saklanyp galan bina bolup, diwaryň ýüzüne çekilen dürli suratlary we nagyşlary bilen bu ýere gelip görýänleri gadymyýetiň alyslyklaryna atarýar.
“Casa del Frutteto” binasy özboluşly dälizi, ýaşyl gurşawy we diwara çekilen owadan reňkli nagyşlary bilen tapawutlanyp, ondaky täsin şekiller bu ýere gelýänleriň ünsüni özüne çekýär.
“Casa della Nave Europa” binasynda bolsa atlar saklanypdyr. Bu bina miladydan öň, birinji asyrda gurlupdyr diýlip, çaklanylýar.
“Balarylaryň güli söýşi dek, söýgi bilen ýaşaň, goý, siziň durmuşyňyz asal ýaly şirin bolsun!” diýlip, bu binanyň diwaryna latyn dilinde ýazylypdyr.
Rim sungatynyň ýadygärliklerini abatlaýjylaryň tagallasy bilen Pompeidäki binalar ikinji ömrüne eýe bolýar. Abatlaýyş işleri Ýewropa gaznasynyň hasabyna maliýeleşdirilýän “Uly Pompei” taslamasynyň çäklerinde amala aşyrylýar. Taryhy maglumatlardan belli bolşuna görä, bu şäher miladynyň 79-njy ýylynyň 24-nji awgustynda tutuşlygyna diýen ýaly Wezuwiý wulkanynyň astynda galýar. Miladydan 6 asyr öň esaslandyrylan, Italiýanyň çäklerindäki gadymy şäher Pompeiniň galyndylary häzirki wagtda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen. 1748-nji ýylda başlan gazuw-agtaryş işleri häzirki günlere çenli dowam edip, şäheriň syrlarynyň 80 göterime golaýynyň üsti açyldy.
Häzirki wagtda Italiýanyň we Ýewropa Bileleşiginiň gadymy Pompei şäherini gaýtadan dikeltmek boýunça bilelikdäki maksatnamasy doly güýjünde dowam etdirilip, jahankeşdeleriň bu mekana gelip görmegi üçin abatlanan ymaratlaryň sany 30-dan geçdi. Maglumatlara görä, her ýylda bu gadymy şähere 3-4 million adam aralygynda jahankeşde gelýär. Özboluşly ýagtylandyryş ulgamy arkaly, bu şähere gijelerine-de tomaşa edip bolýar. Ýagtylygyň täsiri bilen gadymy şäher has syrly görnüşe eýe bolýar. Guramaçylar bu ýere gelmäge isleg bildirýänleriň ählisi üçin bu gadymy Rim şäheriniň gömülmezden ozalky görnüşini göz öňüne getirip bilmekleri üçin aýratyn ulgam işläp düzüpdirler.