Gel­jek­de pas­por­ty ýa-da da­şa­ry ýurt­la­ra gi­dip-gel­mek üçin ula­nyl­ýan şah­sy­ýet­na­ma­ny ulan­mak ze­rur­ly­gy bol­maz. Adam­la­ryň baş­ga ýurt­la­ra sy­ýa­hat­çy­lyk mak­sat­ly ge­ze­lenç­le­ri üçin san­ly ul­ga­myň or­naş­dy­ryl­ma­gy has mö­hüm ha­sap­lan­ýar. Bu ba­bat­da göz öňün­de tu­tul­ýan teh­no­lo­gi­ýa esa­syn­da adam­la­ryň ýü­zü­ni gör­kez­me­gi ýa-da bar­ma­gy­nyň yzyny goý­ma­gy ýe­ter­lik bo­lar.

Bi­ler­men­le­riň aýt­ma­gy­na gö­rä, ka­gyz gör­nü­şin­dä­ki şah­sy­ýet­na­ma­lar geç­miş­de ga­lar. Sy­ýa­hat­çy­lar bir ýer­le­re gi­den wag­ty tor­ba­la­ryn­dan pas­por­ty­ny göz­le­mek üçin wag­ty­ny sarp et­mez­ler. Hal­ka­ra ho­wa ulag­la­ry as­so­sia­si­ýa­sy­nyň (IATA) mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, ýo­lag­çy­la­ryň 45 gö­te­ri­mi däp bo­lan şah­sy­ýet­na­ma­la­ry ulan­mak­dan ga­ça dur­ma­gy saý­lap al­ýar­lar. Mu­nuň ýe­ri­ne bio­met­rik teh­no­lo­gi­ýa­nyň ulan­ma­gy­nyň ta­rap­da­ry bo­lup çy­kyş ed­ýär­ler. Şeý­le­lik­de, ho­wa men­zil­le­rin­de we awia­kom­pa­ni­ýa­lar ta­ra­pyn­dan bu ul­ga­myň or­naş­dy­ryl­ma­gy göz öňün­de tu­tul­ýar.

Adam­la­ry ha­sa­ba al­ma­gyň bir­nä­çe ug­ry bar. Ola­ryň bar­mak yzy­ny al­mak, ýü­zü­niň su­ra­ty­ny al­mak, se­sin­den onuň şah­sy­ýe­ti­ni anyk­la­mak bo­lar. Hä­zir­ki wagt­da ho­wa men­zil­le­rin­de we awia­kom­pa­ni­ýa­lar­da ýü­zü­niň su­ra­ty­ny al­mak bi­len adam­la­ryň şah­sy­ýe­ti­ni anyk­la­mak ul­ga­my­ny ulan­mak­ly­ga uly äh­mi­ýet be­ril­ýär.

Şweý­sa­ri­ýa­nyň SI­TA mag­lu­mat gu­ra­ma­sy­nyň ha­bar ber­me­gi­ne gö­rä, 2021-nji ýyl­da awia­kom­pa­niýa­la­ryň 71 gö­te­ri­mi­niň we ho­wa men­zil­le­ri­niň 77 gö­te­ri­mi­niň bio­met­rik şah­sy­ýet anyk­la­mak prog­ram­ma­la­ry­ny ula­ny­şy­ga gi­riz­me­gi­ne ga­ra­şyl­ýar.

Azat OMADOW,

S. A. Ny­ýa­zow adyn­da­ky TO­HU-nyň mugallymy.