29-njy fewralda Slowakiýada geçirilen parlament saýlawlarynda Adaty adamlar we garaşsyz adamlar (OĽaNO) partiýasy sesleriň 92,58 göterimi bilen ynamly ýeňiş gazandy. OĽaNO partiýasy saýlawçylaryň 25 göterim goldawyna eýe bolup, 19 göterim sese eýe bolan hökümetiň häzirki dolandyryjy Sosial demokratiýa partiýasyndan öňe saýlandy. Ýeňiş gazanan partiýanyň lideri Igor Matowiç bildiren ynamlary üçin saýlawçylara hoşallyk bildirdi. Ýurduň Premýer-ministri, Sosial demokratiýa partiýasynyň Lideri Peter Pellegrini, saýlawlarda gazanan ýeňşi bilen Igor Matowiçi gutlady. Saýlawlara gatnaşyk 65 göterimden geçdi. Ýeňiş gazanan partiýa 150 orunlyk parlamentden 53 orna eýe bolar. Saýlawlara 25 partiýa gatnaşdy. Indi OĽaNO partiýasy bileleşik döretmeli. Munuň üçin partiýanyň ýene-de iki hyzmatdaşa zerurlygy ýüze çykýar.
Slowakiýa Respublikasy Merkezi Ýewropada ýerleşýän döwlet bolup, ilaty 5 million 455 müň adama deňdir. Paýtagty Bratislawa. Ýurt 1993-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda garaşsyzlygyna eýe boldy. Ýurduň Prezidenti Zuzana Çaputowa geçen ýylyň 31-nji martynda geçirilen Prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynda 58,38 göterim ses bilen ýeňiş gazanypdy.