Nor­we­gi­ýa­nyň Döw­let ne­bit gaz­na­sy, 2019-njy ýyl­da dün­ýä­niň gaz­na ba­za­ry­nyň ösü­şi ne­ti­je­sin­de, re­kord de­re­je­de 1,69 tril­li­on nor­weg kro­nu­ny (180 mil­liard dol­lar) ga­zan­dy. Dün­ýä­niň iň uly gaz­na­sy bo­lan bu ma­li­ýe eda­ra­sy­nyň ge­çen ýyl ne­bit ma­ýa go­ýum­la­ry üçin 19,9 gö­te­rim muk­dar­da çyk­da­jy eden­di­gi ba­ra­da Nor­we­gi­ýa­nyň ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri mä­lim e­dýär. Şeý­le­lik bi­len, ge­çen ýyl ma­ýa go­ýu­my­nyň gir­de­ji­si ýurt­da ýa­şa­ýan 5,3 mil­li­on ada­myň her bi­ri üçin tak­my­nan, 34 müň dol­lar bol­dy we hä­zir­ki wagt­da gaz­na­nyň umu­my gym­ma­ty Nor­we­gi­ýa­nyň her bir ra­ýa­ty üçin tak­my­nan, ABŞ-nyň 207 müň dol­la­ry­na ba­ra­bar­dyr.

– 2019-njy ýyl gaz­na üçin şow­ly ýyl bol­dy, bu gaz­na­nyň ta­ry­hyn­da bir ýy­lyň için­de gym­mat­ly­gyň iň uly ösü­şi bol­dy – di­ýip, Nor­we­gi­ýa­nyň Mer­ke­zi ban­ky­nyň baş­ly­gy, şeý­le hem mü­di­ri­ýe­tiň di­rek­tor­lar ge­ňe­şi­ni­ň ýol­baş­çy­sy Oys­teýn Ol­sen aýt­dy.

Hä­zir­ki wagt­da ýur­duň döw­let ne­bit gaz­na­sy dün­ýä­niň 9 müň­den gow­rak kom­pa­ni­ýa­sy­nyň paý­na­ma­la­ry­na eýe­çi­lik ed­ýär. Gaz­na paý­na­ma­lar­dan baş­ga-da, gym­mat­ly ka­gyz­la­ra we goz­gal­ma­ýan em­läk­le­re hem ma­ýa goý­ýar. 2019-njy ýyl­da “App­le” we “Micro­soft”, “Nest­le” ýa­ly kom­pa­ni­ýa­lar gaz­na­nyň gir­de­ji­si­ne has köp go­şant go­şan bol­sa­lar, “No­kia”, “Pfi­zer” kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň we “Swed­bank” ban­ky­nyň go­şan­dy on­çak­ly köp bol­ma­dy.

Hä­zir­ki wagt­da gaz­na­nyň se­riş­de­le­ri­niň Nor­we­gi­ýa­nyň ýyl­lyk je­mi içer­ki önü­min­den üç es­se köp­dü­gi bel­le­nil­ýär.