Şwe­si­ýa her bi­ri­ 1 mil­li­on dol­la­ra deň bo­lan iki sa­ny baý­rak dö­ret­di. Bu baý­rak­lar mil­liard­lar­ça ada­my iý­mit­len­dir­mek mak­sa­dy bi­len ka­bul edi­len çöz­güt­ler üçin be­r­ler.

– Ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi­niň dün­ýä ila­ty­nyň azyk üp­jün­çi­li­gi­ne tä­si­ri­ni ýe­tir­ýän­di­gi we bu ýag­da­ýyň kö­pel­ýän ila­tyň dur­nuk­ly azyk ul­gam­la­ry­na ze­rur­ly­gy­ny art­dyr­ýan­dy­gy na­za­ra al­nyp, tä­ze baý­rak­lar esas­lan­dy­ryl­dy – di­ýip, Şwe­si­ýa­nyň “Kurt Berg­fors gaz­na­sy­nyň” we­kil­le­ri mä­lim ed­ýär­ler.

– Bi­ze azyk ul­ga­myn­da öz­ge­riş­lik­ler ze­rur. Tä­ze esas­lan­dy­ry­lan “Ze­mi­niň azyk baý­ra­gy” (Fo­od Pla­net Pri­ze) bu mak­sa­da go­şant goş­mak üçin dö­re­dil­di – di­ýip, baý­rak emin­le­ri­ne ýol­baş­çy­lyk et­jek, Ger­ma­ni­ýa­nyň Pots­dam ho­wa bar­lag­la­ry ins­ti­tu­ty­nyň mü­di­ri Ýo­han Rokst­rem aýt­dy. Me­ýil­na­ma­la­ra gö­rä, il­kin­ji baý­rak­lar 2020-nji ýyl­da ber­ler. Şeý­le­lik­de, Şwe­si­ýa­da her ýyl “Ze­mi­niň azyk baý­ra­gy” we “In­no­wa­si­ýa baş­lan­gyç­la­ry” at­ly baý­rak­la­r gow­şu­ry­lar.

Mag­lu­mat­la­ra gö­rä, hä­zir­ki wagt­da dün­ýä ila­ty 7,8 mil­liard ada­ma deň bo­lup, 2050-nji ýy­la çen­li ola­ryň sa­ny 10 mil­li­ar­da çen­li ar­tar. Hü­när­men­ler şeý­le möç­ber­dä­ki ila­ty azyk bi­len üp­jün et­mek, di­ňe iý­mit­le­niş en­dik­le­ri­ni üýt­get­mek, azyk önüm­çi­li­gi­ni go­wu­lan­dyr­mak we azyk ga­lyn­dy­la­ry­ny azalt­mak ar­ka­ly müm­kin bol­jak­dy­gy­ny aýd­ýar­lar.