Ýylyň başyndan bäri Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň üsti bilen 35 sany dürli derejedäki wekiliýet ýurdumyza sapar bilen geldi. Bu döwürde daşary ýurtlara wekiliýetleriň 77-si ugradyldy. Şeýle hem 2020-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda Türkmenistanda daşary ýurtlar we halkara guramalary bilen bilelikde dürli derejeli maslahatlaryň we duşuşyklaryň 59-sy geçirildi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we beýleki döwletleriň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy maslahatlaşmalary geçirmek boýunça işler dowam edip, bu ugurda 6 duşuşyk guraldy. Olar Katar döwleti bilen Doha şäherinde, Russiýa Federasiýasy bilen Aşgabat şäherinde, Hindistan bilen Nýu-Deli şäherinde, Owganystan bilen Kabul şäherinde geçirildi, şeýle hem Daşkent şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky “C5+1” köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk görnüşinde ministrler derejesindäki nobatdaky duşuşygy hem-de Berlin şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň, Owganystanyň we Germaniýanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda “Ýaşyl Merkezi Aziýa” atly halkara maslahaty geçirildi.
Türkmenistanyň daşary syýasy işiniň möhüm ugurlarynyň biri ilçihanalaryň üsti bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýmakdan hem-de olary giňeltmekden ybaratdyr. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan daşary syýasatynda Türkmenistanyň dünýäniň döwletleri bilen daşary ykdysady hyzmatdaşlygyny hemmetaraplaýyn ösdürmek meselesine aýratyn orun berilýär. Bu ugurda dürli döwletler bilen ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara toparlarynyň mejlislerini geçirmek boýunça işler alnyp barylýar.
Şunuň bilen baglylykda, 2020-nji ýylyň ýanwar aýynda Wengriýanyň paýtagtynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-wenger toparynyň hem-de Aşgabatda bilelikdäki türkmen-german iş toparynyň nobatdaky mejlisleriniň geçirilendigi habar berildi. Şeýle hem Budapeştde türkmen-wenger hem-de Aşgabatda türkmen-german we türkmen-owgan işewürler maslahaty geçirildi.
Şeýle hem “Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda durnukly ösüş boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly Maksatnamasy” barada hasabat berildi. Nygtalyşy ýaly, BMG bilen Durnukly ösüş ugrunda 2021-2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly Maksatnamasyna esaslanyp, bu guramanyň ýöriteleşdirilen edaralary bilen bir we iki ýyllyk Hereketler Meýilnamalarynyň taslamalaryny taýýarlamak göz öňünde tutulýar. Hususan-da, agzalan resminamalaryň üstünde Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy, BMG-niň Ösüş maksatnamasy, Halkara çagalar gaznasy, Ilat gaznasy we bu guramanyň beýleki düzüm birlikleri bilen bilelikde degişli işleriň geçirilmegi meýilleşdirilýär.
Şeýle hem türkmen wekiliýetiniň Marokko Patyşalygyna bolan gulluk iş saparynyň netijeleri barada hasabat berildi. Saparyň çäklerinde Türkmenistan bilen Marokkonyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Geňeşmeleriň barşynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilen resminamalaryň birnäçesine gol çekdiler. “Türkmengaz” döwlet konserni bilen “OCP S.A.” (Marokko Patyşalygy) we “Sun International FZE” (Birleşen Arap Emirlikleri) kompaniýalarynyň arasynda 1 million tonna kükürdi satmak hakynda gol çekilen Şertnamanyň ähmiýeti aýratyn bellenildi.