Türk­me­nis­tan­da 2019-2025-nji ýyl­lar­da san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­me­giň kon­sep­si­ýa­sy ka­bul edil­di. Mu­nuň özi ýur­du­myz­da ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­ly, bäs­deş­li­ge ukyp­ly san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­me­giň ýo­lun­da mö­hüm ädim bol­dy. Hä­zir­ki wagt­da bi­ziň ýur­du­myz­da san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­mek bo­ýun­ça uly iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar, onuň esa­sy mak­sa­dy bol­sa, ta­la­ba­la­ýyk san­ly gur­şa­wy dö­ret­mek­den yba­rat­dyr. Ýur­du­my­zyň hem­me­ta­rap­la­ýyn bäs­deş­lik uky­by­nyň art­ma­gyn­da yk­dy­sa­dy­ýe­tiň sanly­laş­dy­ryl­ma­gy oňaý­ly müm­kin­çi­lik dö­re­der.
Adam­zat ýa­şaý­şy­nyň do­wa­myn­da jem­gy­ýet ös­di we ösüş ýo­lu­ny do­wam et­dir­ýär. Ol özü­niň ösüş bas­gan­çak­la­ry­nyň do­wa­myn­da, oba ho­ja­ly­gy we se­na­gat ýa­ly ösüş döwürlerini ba­şyn­dan ge­çir­di. Ösen ýurt­la­ryň äh­li­si eý­ýäm, yk­dy­sa­dy­ýe­tiň san­lylaş­dy­ry­lan üçün­ji döwrüne ge­çip, bu ýag­daý şol ýurt­la­ryň ýa­şaý­jy­la­ry­nyň dur­mu­şy­nyň ýe­ňil­leş­me­gi­ne alyp bar­dy. Baş­ga­ça aý­da­nyň­da, adam­zat sarp edi­ji­ler jem­gy­ýe­tin­de ýa­şap ug­ra­dy.
Em­ma jem­gy­ýet bir ýer­de dur­ma­ýar, onuň mun­dan beý­läk­ki ösü­şin­de hyz­mat­lar pu­da­gy önüm­çi­lik­den öňe geç­ýär. Bu ýag­daý bol­sa, mag­lu­mat teh­no­lo­gi­ýa­sy we IT pu­dak­la­ry­nyň bu ösüş­de aý­ra­tyn äh­mi­ýe­te eýe bo­lup, adam­za­dyň haý­sy­dyr bir hyz­ma­ty al­mak usu­ly­ny ep-es­li de­re­je­de aň­sat­laş­dyr­ýar.
In­ter­ne­tiň dö­re­me­gi we glo­bal to­ra gir­mek üçin çyk­da­jy­la­ryň ar­zan­la­ma­gy, ha­ky­ky mag­lu­mat (san­ly) öw­rü­li­şi­gi bo­lup, ol dur­mu­şy­my­zy, esa­san hem, yk­dy­sa­dy­ýe­ti büs-bü­tin öz­gert­di.

San­ly yk­dy­sa­dy­ýet – bu…
“San­ly yk­dy­sa­dy­ýet” (Di­gi­tal econo­my) adal­ga­sy 1995-nji ýyl­da ABŞ-nyň Mas­sa­çu­sets uni­wer­si­te­ti­niň in­for­ma­ti­ka bo­ýun­ça hü­när­me­ni Ni­ko­las Neg­ro­pon­te ta­ra­pyn­dan mag­lu­mat we ara­gat­na­şyk teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­nyň dep­gin­li ösü­şi na­za­ra al­nyp, tä­ze yk­dy­sa­dy­ýe­tiň aý­ra­tyn­lyk­la­ry­ny ozal­ky ýag­da­ýy bi­len de­ňeş­dir­mek üçin, il­kin­ji ge­zek ula­nyl­ýar.

San­ly yk­dy­sa­dy­ýet­de öý­jük­li gör­nüş­dä­ki mag­lu­mat­lar önüm­çi­li­giň hem-de do­lan­dy­ry­jy­ly­gyň baş ug­ry bo­lup hyzmat edýär­. Şeý­le hem, do­lan­dy­ry­şyň ozal­dan gel­ýän gör­nüş­le­ri bi­len de­ňeş­di­ri­len­de, önüm­çi­li­giň, teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň, en­jam­laş­dy­ry­şyň, sa­tu­wyň, ha­ryt­la­ry ýer­le­me­giň we hyz­mat­la­ryň dür­li gör­nüş­le­ri­niň ne­ti­je­li­li­gi­ni has-da ýo­kar­lan­dyr­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär.

Baş­ga­ça aý­dy­lan­da, san­ly yk­dy­sa­dy­ýet on­laýn hyz­mat­la­ry­ny, elekt­ron tö­leg­le­ri­ni, on­laýn söw­da­ny we baş­ga­la­ry öz içi­ne al­ýan san­ly komp­ýu­ter teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­nyň ösü­şi bi­len gö­nü­den-gö­ni bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Adat­ça, san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­tiň esa­sy öze­ni­ni elekt­ron söw­da, in­ter­net ar­ka­ly bank hyz­mat­la­ry, elekt­ron tö­leg­ler, in­ter­net-ma­ha­bat we in­ter­net oýun­la­ry düz­ýär.
Yn­san dur­mu­şyn­da mag­lu­mat teh­no­lo­gi­ýa­sy­nyň or­naş­dy­ryl­ma­gy ne­ti­je­sin­de, köp iş­le­ri ýe­ňil ber­jaý edip bol­ýar. My­sal üçin, bir zat­lar gar­ban­mak is­le­sek, on­da biz in­ter­net ar­ka­ly öýe na­har ge­tir­dip bil­ýä­ris. Umuman, biz işlerimiziň köpüsini hiç ýe­re git­män, otu­ran ýe­ri­miz­den komp­ýu­te­ri­mi­ziň we in­ter­ne­tiň ýar­da­my bi­len ama­la aşy­ryp bil­ýä­ris.

San­ly yk­dy­sa­dy­ýe­tiň oňaý­ly ta­rap­la­ry
“San­ly yk­dy­sa­dy­ýet” – mu­nuň özi tä­ze müm­kin­çi­lik­le­riň dö­re­me­gi bo­lup, yn­san dur­mu­şy­na oňaý­ly tä­sir ed­ýär. San­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň ös­me­gi ne­ti­je­sin­de, sa­tyn aly­jy el­ýe­ter­li ba­ha­dan in­ter­net dü­kan­la­ryn­dan ha­ryt sa­tyn alyp, wagt ýi­tir­män ge­rek zat­la­ry­ny edi­nip bil­ýär. Şeý­le hem, ki­ta­byň elekt­ron gör­nü­şi, çap edi­len gör­nü­şin­den bir­nä­çe es­se ar­zan dü­şer, in­ter­net­dä­ki lo­maý söw­da­da, yla­la­şyp, ep-es­li pul tyg­şyt­lar­sy­ňyz. Ne­ti­je­de, sarp edi­ji, hat­da, öz iş­le­ri­ni on­laýn ar­ka­ly ber­jaý edip, öý­den çyk­man söw­da edip bi­lýär.
Bü­tin­dün­ýä ban­ky “San­ly di­wi­dend­ler” at­ly sy­nyn­da san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­tiň ösü­şi­niň aý­ra­tyn­lyk­la­ry­ny şeý­le be­ýan ed­ýär.
Zäh­met ön­dü­ri­ji­li­gi ös­ýär.
Kom­pa­ni­ýa­la­ryň bäs­deş­li­ge ukyp­ly­ly­gy ýo­kar­lan­ýar.
Önüm­çi­li­ge edil­ýän çyk­da­jy­lar azal­ýar.
Tä­ze iş ýer­le­ri dö­re­ýär.
Ila­tyň mad­dy hal-ýag­da­ýy­nyň go­wu­lan­ma­gy­na se­bäp bol­ýar.
Bu­lar san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­tiň dur­mu­şy­my­za ne­neň­si oňyn tä­sir ed­ýän­di­gi­ne, in­ter­net ula­ny­ja köp müm­kin­çi­lik­le­ri dö­red­ýän­di­gi­ne we ba­za­ryň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni gi­ňeld­ýän­di­gi­ne bir­nä­çe my­sal­dyr.

San­ly yk­dy­sa­dy­ýetde
öňdebaryjy ýurtlar
Bi­ziň ýur­du­my­zyň gel­jek­de san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­tiň ösü­şin­de öň­de­ba­ry­jy or­ny eýe­le­mä­ge oňaý­ly müm­kin­çi­lik­le­ri bar. Dur­nuk­ly ösüş dep­gin­le­ri­ne eýe bo­lan ýur­du­myz san­ly ösü­şiň ýo­lu­na düş­di. Bu ýag­daý bol­sa, iri ma­ýa­dar­la­ry özü­ne çek­mä­ge ýar­dam be­rer.
Hä­zir­ki wagt­da san­ly yk­dy­sa­dy­ýet­de Nor­we­gi­ýa, Şwe­si­ýa we Şweý­sa­ri­ýa ýa­ly ýurt­lar öň­de­ba­ry­jy ýurt­lar ha­sap­lan­ýar. Il­kin­ji on­lu­ga ABŞ, Be­ýik Bri­ta­ni­ýa, Da­ni­ýa, Finl­ýan­di­ýa, Sin­ga­pur, Ko­re­ýa Respublikasy we Gon­kong gir­ýär.