Adamzat taryhynda ilkinji gezek 1876-njy ýylda Aleksandr Greýam Bell we onuň kömekçisi Tomas Watson telefonda gepleşdiler. Bu açyş sesiň ýyldyrym çaltlygynda uzak aralyga gitmeginiň ilkinji mysaly boldy.

ýyl ozal se­siň elekt­rik sig­nal­la­ry­na öw­rü­lip ibe­ril­me­gi ne­ti­je­sin­de oý­la­nyp ta­py­lan te­le­fon­lar bi­len hä­zir­ki wagt­da di­ňe ses däl, eý­sem, dür­li şe­kil, ýaz­gy we beý­le­ki mag­lu­mat­la­ry hem ibe­rip bol­ýar. Te­le­fo­nyň oý­la­nyp ta­pyl­ma­gy bi­len adam­za­dyň ga­dy­my dö­wür­ler­de des­san­dyr ro­wa­ýat­lar­da öz be­ýa­ny­ny ta­pan uzak­da­ky bi­ri bi­len ýa­nyň­da ýa­ly bo­lup gep­leş­mek ar­zu­wy hem ama­la aşyp­dy. 1876-njy ýy­lyň 10-njy mar­tyn­da Gre­ýam Bell üç gün ozal pa­ten­ti­ni alan, “ses­li te­leg­ram­ma” en­ja­my­ny köp­çü­li­ge ta­nyş­dyr­ýan ma­ha­ly, bir si­me ça­ty­lan ses ibe­ri­ji bi­len gap­dal­da­ky otag­da­ky ka­bul edi­ji en­ja­myň ýa­nyn­da otu­ran kö­mek­çi­si­ne “Je­nap Wat­son, bä­rik ge­liň, si­zi gör­mek is­le­ýä­rin!” diý­di. Soň­ky on­ýyl­lyk­la­ryň do­wa­myn­da adam­zat dur­mu­şy­ny te­le­fon ýa­ly öz­ger­den teh­no­lo­gik açyş köp däl. As­lyn­da, beý­le­ki açyş­lar­da bol­şy ýa­ly, te­le­fo­nyň açy­şy hem bir ada­myň zäh­me­ti bi­len bol­ma­dy. Bel­liň açy­şy hem ozal Sa­mu­el Mor­ze ta­ra­pyn­dan iş­le­nip dü­zü­len te­leg­ram­ma ýa­ly­dy, em­ma on­dan ta­pa­wut­ly­lyk­da ýaz­gy­ny däl-de, se­si iber­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär­di. Te­le­fo­nyň sy­na­gy­nyň ne­ti­je­li bol­ma­gy bi­len 1877-nji ýyl­da Mas­sa­çu­sets şta­ty­nyň Bos­ton we So­mer­wil­l şä­her­le­ri­niň ara­syn­da il­kin­ji te­le­fon ge­çi­ri­ji­si gu­rul­dy. On­dan soň­ky ýyl­lar­da te­le­fon ge­çi­ri­ji­ler beý­le­ki ştat­lar­da we dün­ýä­niň gaý­ry ýurt­la­ryn­da ýaý­rap baş­la­dy. 1880-nji ýyl­da ýurt­da­ky te­le­fon abu­na­çy­la­ry­nyň sa­ny 50 mü­ňe go­laý­la­ýar. Gre­ýam Bell 1915-nji ýy­lyň 25-nji ýan­wa­ryn­da ABŞ-nyň Ka­li­for­ni­ýa şta­tyn­da ge­çi­ri­len Pa­na­ma-Ýu­waş um­ma­ny Hal­ka­ra ser­gi­si­ne gat­na­şyp, bu ýer­den ýur­duň beý­le­ki ta­ra­pyn­da­ky Nýu-Ýork şä­he­rin­de ýa­şa­ýan ozal­ky kö­mek­çi­si Wat­so­na jaň ed­ýär. Bu gep­le­şik hem şol dö­wür iň uzak ara­ly­ga edi­len jaň bol­ýar. Il­kin­ji yk­ly­ma­ra te­le­fon ar­ka­ly gep­le­şik sim­li ge­çi­ri­ji­ler ar­ka­ly däl-de, ra­dio­tol­kun­la­ry ar­ka­ly ama­la aşy­ryl­ýar. Bu gep­le­şik Ang­li­ýa­nyň Poç­ta eda­ra­sy­nyň ýol­baş­çy­sy Ewe­lin Mar­reý bi­len Ame­ri­kan Bell te­le­fon şe­re­ke­ti­niň ýol­baş­çy­sy Wol­ter S. Gif­for­duň ara­ly­gyn­da 1927-nji ýy­lyň 7-nji ýan­wa­ryn­da bo­lup geç­ýär. Şeý­le­lik­de, Lon­don bi­len Nýu-Ýor­kuň ara­ly­gyn­da il­kin­ji te­le­fon ara­gat­na­şyk hyz­ma­ty ýo­la go­ýul­ýar. Um­ma­nyň aşa­gyn­da müň­ler­çe ki­lo­metr­lik ge­çi­ri­ji­ni dü­şe­me­giň gym­ma­da düş­ýän­di­gi we köp wagt al­ýan­dy­gy se­bäp­li bu tas­la­ma 1956-njy ýyl­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Um­ma­nyň aşa­gyn­da­ky il­kin­ji ge­çi­ri­ji­li te­le­fon ara­gat­na­şy­gy şol ýyl Ir­lan­di­ýa bi­len Ka­na­da­nyň Nýu­faund­lend se­bi­ti­niň ara­syn­da ýo­la go­ýul­ýar. 1962-nji ýy­lyň 10-njy iýu­lyn­da ABŞ-nyň ae­ro­kos­mos eda­ra­sy­nyň (NA­SA) ara­gat­na­şyk hem­ra­sy “Tels­tar-1”-i uçur­ma­gy bi­len te­le­fon ara­gat­na­şy­gy we te­le­ýaý­lym­la­r eme­li hem­ra ar­ka­ly hö­dür­le­nip baş­lan­ýar. Haý­sy­dyr bir si­me bi­rik­di­ril­me­dik te­le­fon­lar (trub­ka­lar) 1970-nji ýyl­lar­da peý­da bol­ýar. 1986-njy ýyl­da şeý­le te­le­fon­la­ryň ba­ha­sy ar­zan­lap, köp­çü­lik üçin el­ýe­ter­li bo­lup baş­la­ýar. Em­ma ýa­nyň­da gö­te­ril­ýän en­jam­la­ryň hä­zir­ki­ler ýa­ly ýaý­ra­ma­gy üçin ra­dio­tol­kun bi­len däl-de, baş­ga­ça teh­no­lo­gi­ýa ze­rur­lyk du­ýul­dy. Şeý­le­lik­de, köp san­ly çeş­me­den gel­ýän sig­nal­la­ry at­mos­fe­ra­da bir wagt­da ge­çi­ril­me­gi­ni üp­jün ed­ýän öý­jük­li teh­no­lo­gi­ýa ýü­ze çyk­dy. El te­le­fon­la­ry­nyň esa­sy­ny düz­ýän bu teh­no­lo­gi­ýa gu­ry ýer­de üç sa­ny ka­bul edi­ji-ge­çi­ri­ji stan­si­ýa­nyň ara­syn­da gur­lan tor ar­ka­ly dö­re­dil­di. Bu stan­si­ýa­lar to­ra se­siň we beý­le­ki mag­lu­mat­la­ryň ge­çi­ril­me­gi­ni ýo­la goý­ýan mag­nit­li öý­jük­le­ri üp­jün ed­ýär. Her öý­jük goň­şy öý­jük­ler­dä­ki baş­ga­ça ýy­gy­lyk­la­ry ula­nyp, üz­nük­siz mag­lu­ma­ty ge­çi­rip bil­ýär.
ABŞ-nyň Bell la­bo­ra­to­ri­ýa­sy ta­ra­pyn­dan iş­le­nip dü­zü­len öý­jük­li tor teh­no­lo­gi­ýa­sy il­kin­ji ge­zek 1979-njy ýyl­da Ýa­po­ni­ýa­nyň Te­leg­ram­ma we te­le­fon şe­re­ke­ti (NTT) ta­ra­pyn­dan Tok­io­nyň mer­ke­zi et­rap­la­ryn­da hyz­ma­ta hö­dür­len­di. Bu tor 5 ýy­lyň do­wa­myn­da ýur­duň äh­li ýe­rin­de ýo­la go­ýul­dy. Şeý­le­lik­de, dün­ýä­de il­kin­ji bi­rin­ji ne­sil (1G) mo­bil ara­gat­na­şyk to­ry dö­re­dil­di. 1990-njy ýyl­la­ryň ba­şyn­da san­ly öý­jük teh­no­lo­gi­ýa­sy peý­da bol­dy. Ikin­ji ne­sil (2G) san­ly mo­bil tor 1991-nji ýyl­da Finl­ýan­di­ýa­da gu­rul­dy. 1998-nji ýyl­da NTT Ýa­po­ni­ýa­da üçün­ji ne­sil (3G) san­ly mo­bil ara­gat­na­şyk to­ru­ny ulan­ma­ga ber­jek­di­gi­ni mä­lim et­di. Şeý­le­lik­de, 3G 2002-nji ýyl­da ABŞ-da, 2003-nji ýyl­da Ýew­ro­pa ýurt­la­ryn­da ula­ny­lyp baş­lan­dy. Soň­ra 4-nji we 5-nji ne­sil tor teh­no­lo­gi­ýa­la­ry peý­da bol­dy. Ge­çen ýyl ýo­la goý­lan 5G en­tek dün­ýä­niň az san­ly iri şä­he­rin­de or­naş­dy­ryl­dy.
Soň­ky 30 ýyl­da ara­gat­na­şyk teh­no­lo­gi­ýa­sy­nyň örän çalt dep­gin­ler bi­len ös­me­gi ne­ti­je­sin­de in­ter­net we mo­bil ara­gat­na­şyk dur­mu­şyň äh­li ug­ru­na öz tä­si­ri­ni ýe­tir­di. Ösen teh­no­lo­gi­ýa te­le­wi­zor, ra­dio, te­le­fon, dö­wür­le­ýin ne­şir­ler ýa­ly ara­gat­na­şy­gyň äh­li ug­ru­ny bir en­jam­da top­la­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­di. Bu bol­sa, “mag­lu­mat jem­gy­ýe­ti” adal­ga­sy­nyň dö­re­me­gi­ne ge­tir­di.