Birleşen Milletler Guramasy, döredilen gününiň 75 ýyllygy mynasybetli, özüniň alyp barýan işlerini ýaýbaňlandyrmak maksady bilen “Global gepleşik” taslamasyny ýola goýdy.
– Şu ýyl biz Ikinji jahan urşunda gazanylan ýeňşiň 75 ýyllygyny, şeýle-de, BMG-niň döredilen gününiň 75 ýyllygyny belleýäris. Häzirki wagtda guramamyzda birnäçe dabaraly çäreler meýilleşdirilýär – diýip, BMG-niň baş sekretary Antoniu Guterriş belledi.
– Şeýle hem, şu ýyl aýratyn bir çäre taýýarlaýarys. Ähli adamlaryň pikirini bilmek, olaryň gyzyklanmalaryna we zerurlyklaryna düşünmek maksady bilen BMG “Global gepleşik” taslamasyny ýola goýýar. Biz geljege nazar aýlamaly, adamlaryň näme isleýändigini, halkara guramalarynyň işine nähili garaýandygyny, BMG-niň nähili işlemelidigini, guramanyň adamlara has gowy nähili kömek edip biljekdigini bilmelidiris – diýip, Antoniu Guterriş aýtdy. Ol eýýäm, bu taslama boýunça birnäçe maslahata gatnaşandygyny belledi.
– Esasan, ýaşlar bilen boljak bu gepleşiklerde, olaryň geljege bolan umytlary hakda, dünýäden garaşýan zatlary hakda özlerinden eşitmek diýseň ýakymly. Şu günki ýaşlar howanyň üýtgemegine we beýleki dürli meseleleri çözmäge tagalla edýärler, olar jemgyýetiň bähbidine tehnologiýadan has köp peýdalanylmagyny isleýärler. Halkara guramalary hemmeleriň bähbidine işläp bilýän dünýä hakda oýlanýar – diýip, BMG-niň baş sekretary Antoniu Guterriş sözüni jemledi.