Birnäçe ýurtda önümçilik bölümlerine eýeçilik edýän köpmilletli kompaniýa “No­kia Corporation” kom­pa­ni­ýa­sy 5G teh­no­lo­gi­ýa­sy­ny ös­dür­mek bo­ýun­ça iş­le­rini güýç­len­dir­mek mak­sa­dy bi­len telekommunikasion enjamlary öndürýän amerikan kompaniýasy “Marvell Techno­lo­gy” bi­len hyz­mat­daş­lyk et­mä­ge gi­riş­di.
Fin kom­pa­ni­ýa­sy 5G teh­no­lo­gi­ýa­sy­ny ös­dür­mek we or­naş­dyr­mak bo­ýun­ça iş­le­ri­ni çalt­lan­dyr­mak mak­sa­dy bi­len bu ädi­mi ät­di.
Mun­dan öň “No­kia”-nyň 5G teh­no­lo­gi­ýa­sy­nyň in­ter­net çöz­güt­le­ri üçin, ula­nyl­ma­ly “Reefs­hark” çip­set­le­ri­niň has pes ön­dü­ri­ji­li­gi bi­len ýüz­be-ýüz bo­lan­dy­gy ha­bar be­rlip­di.
In­di “No­kia” we “Marvell Techno­lo­gy” bi­le­lik­de iş­läp baş­lan­la­ryn­dan soň­ra, inf­rast­ruk­tu­ra pro­ses­sor­la­ry­nyň täze nesillerini, şeý­le-de dün­ýä­niň bir­nä­çe öň­de­ba­ry­jy kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň mikroshemalaryny ösdürer.