Ýewropa Komissiýasy kömür bilen işläp, daşky gurşawyň hapalanmagyna sebäp bolýan “Sines” we “Pego” ýylylyk elektrik beketlerini ýapmaga çagyryp, Portugaliýa 80 million möçberinde ýewro bölüp berjekdigini mälim etdi. Ýewropa Komissiýasy bu ýurda daşky gurşawyň hapalanmagyna düýpli sebäp bolýan beketleriň aradan aýrylmagyny goldaýan gazna bilen hyzmatdaşlyk etmegi teklip edýär.
Portugaliýanyň hökümeti geçen ýylyň oktýabr aýynda “Pego” termoelektrik bekedini 2021-nji ýylyň ahyrynda ýapmaga we 2023-nji ýylyň sentýabr aýynda bolsa, “Sines” zawodynyň önümçiligini togtatmaga taýýardygyny mälim edipdi. Bu çäre howanyň üýtgemegine garşy göreşiň çäklerinde Ýewropa Komissiýasy tarapyndan döredilen “Adalatly geçiş gaznasynyň” meýilnamasynyň bir bölegidir. Bu gaznanyň 7,5 milliard ýewrodan ybarat pul serişdeleri bolup, onuň 1,1 göteriminiň Portugaliýa bölünip beriljekdigi aýdylýar. Portugaliýa 79,2 million ýewro býujeti bilen Ýewropa Bileleşigine agza bolan 27 ýurduň arasynda 11-nji orny eýeleýär.