Üýt­ge­şik myh­man­ha­na. Da­ni­ýa­nyň Ýut­lan­di­ýa ada­syn­da “Lovtag” at­ly tä­sin myh­man­ha­na gu­rul­dy. Bu myh­man­ha­na­da bir gi­je gal­mak üçin 2 750 da­ni­ýa kro­ny­ny ýag­ny, 360 ýew­ro tö­le­me­li. Agaç­la­ryň de­pe­sin­de gur­lan jaý­ja­gaz 1,5 mil­li­on da­ni­ýa kro­ny­na (200 müň ýew­ro) gur­lup­dyr. Ota­gyň içi oňat me­bel­ler, suw ge­çi­ri­ji, elekt­rik to­gy, ha­jat­ha­na we wan­na bi­len ab­zal­laş­dy­ry­lan. Myh­man­ha­na­nyň gur­lu­şy­gy­na we onuň di­zaý­ny­ny ös­dür­mä­ge germaniýaly bi­na­gär ýar­dam be­rip­dir.

Tä­ze dü­zü­mi tas­syk­lan­dy. 13-nji mart­da Slo­we­ni­ýa­nyň döw­let ýyg­na­gy (mej­li­siň aşa­ky pa­la­ta­sy) özü­niň no­bat­dan da­şa­ry mej­li­sin­de Res­pub­li­ka­nyň tä­ze ka­bi­ne­ti­niň dü­zü­mi­ni tas­syk­la­dy. Bu ka­ra­ryň ka­bul edil­me­gi üçin, 52 de­pu­tat ses ber­di, 31 de­pu­tat ses bermekden saklandy. Tä­ze hö­kü­me­tiň sa­na­wyn­da öň­ki mi­nistr­le­riň di­ňe iki ag­za­sy bar. Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­tin­dä­ki we­zi­pe­le­re bel­le­nen beý­le­ki adam­la­ryň hem­me­si tä­ze. Gü­nor­ta Ýew­ro­pa­da­ky bu ýur­duň paý­tag­ty Lýubl­ýa­na bo­lup, ila­ty 2 million 89 müňden gowrak­dyr.

Tä­ze hö­kü­met dü­zül­di. Ru­my­ni­ýa­nyň par­la­men­ti ses­le­riň ag­la­ba­sy bi­len Mil­li li­be­ral par­ti­ýa­nyň we­ki­li Lýu­do­wik Or­ba­nyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da­ky tä­ze hö­kü­me­tiň dü­zü­mi­ni tas­syk­la­dy. Tä­ze Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň dü­zü­mi­ni gol­dap, 286 ses be­ril­di, 23-si gar­şy ses ber­di. Tä­ze Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň mak­sat­na­ma­sy­ny ara alyp mas­la­hat­laş­mak üçin, çy­kyş­lar so­si­al ul­gam­lar­da ýer­leş­di­ril­di.

Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­ni dü­zer. Ys­ra­ýy­lyň Pre­zi­den­ti Reu­wen Riw­lin, Ka­hol-La­wan mer­ke­zi blo­gy­nyň li­de­ri Be­ni Gan­sa­ Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­ni düz­me­gi tab­şyr­dy. Gansyň hö­kü­met düz­mä­ge jo­gap­kär bol­ma­gy üçin, Knes­se­tiň (Par­la­ment) 120 de­pu­ta­ty­nyň 61-si­niň se­si­ni alyp­dy. Prem­ýer-mi­nist­riň we­zi­pe­si­ni wagt­la­ýyn ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji Bin­ýa­min Ne­tan­ýa­hu­ny, di­ňe Li­kud par­ti­ýa­sy­na we­kil­çi­lik ed­ýän 58 we­kil gol­da­ýar.

Ga­dy­my aram­gäh ta­pyl­dy. Hy­ta­ýyň gü­nor­ta-gün­ba­ta­ryn­da­ky Si­çu­an we­la­ýa­tyn­dan 2 müň ýyl mun­dan ozal­ky aram­gäh ýü­ze çy­ka­ryl­dy. We­la­ýa­tyň ar­heo­lo­gi­ýa we me­de­ni ýa­dy­gär­lik ins­ti­tu­ty­nyň hü­när­men­le­ri­niň pi­ki­ri­çe, Çžan­go döw­rü­niň aram­gäh­le­ri (mi­la­dy­dan öň, 475-221) hä­zir­ki Si­çu­an we Hu­nan we­la­ýat­la­ry­nyň se­bit­le­rin­de ýa­şa­ýan ga­dy­my sun taý­pa­la­ry­nyň han-beg­le­ri­niň aram­gä­hi­dir.