Türk­me­nis­ta­nyň
Pre­zi­den­ti­niň Ka­ra­ry­na
la­ýyk­lyk­da, ýur­du­myz­da
21-nji mart­da äh­li­halk na­hal ek­mek da­ba­ra­sy ge­çi­ril­er.
On­da ýur­du­myz bo­ýun­ça sa­ýa­ly we mi­we­li agaç na­hal­la­ry­nyň köp san­ly­sy eki­ler.
Şu ýyl Ahal we­la­ýa­ty­nyň Ak bug­daý we Bä­her­den et­rap­la­ry­nyň ara­ly­gyn­da sa­ýa­ly, pür­li, mi­we­li bag­la­ryň we üzü­miň 5 mil­li­on düýp na­ha­ly, we­la­ýat­la­ryň çäk­le­rin­de sa­ýa­ly, pür­li, mi­we­li bag­la­ryň we üzü­miň 5 mil­li­on düýp na­ha­ly otur­dy­lar.

Hä­zir­ki wagt­da dün­ýä ila­ty­nyň 56 gö­te­rim­den gow­ra­gy şä­her­ler­de we şä­her­çe­ler­de ýa­şa­ýar. 2050-nji ýy­la çen­li bu gör­ke­zi­ji has-da ar­tar diý­lip çak edil­ýär. Hü­när­men­ler şä­her­ler­dä­ki se­ýil­gäh­le­riň yn­san sag­ly­gy­na oňaý­ly tä­sir ed­ýän­di­gi­ni, şol san­da, stre­si azal­dyp, göw­nü­ňi gö­ter­ýän­di­gi­ni, ýü­rek-da­mar ke­sel­le­ri­ni we me­ta­bo­lik ala­mat­la­ry ara­dan aýyr­ýan­dy­gy­ny aýd­ýar­lar. Şä­her­ler­dä­ki agaç­lar ho­wa­nyň ha­pa­lan­ma­gy­nyň ýa­ra­maz tä­sir­le­ri­ni azalt­ma­ga kö­mek ed­ýär. Şä­he­ri dur­muş-yk­dy­sa­dy we eko­lo­gi­ýa taý­dan has-da dur­nuk­ly et­mek üçin, agaç­la­ryň we to­kaý­la­ryň peý­da­ly ta­rap­la­ry­ny si­ze ýe­tir­ýä­ris:
Agaç­lar adat­ça, ada­my mi­we­ler bi­len üp­jün edip, azyk howp­suz­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­ma­ga ýar­dam ber­ýär. Şeý­le hem agaç na­har bi­şir­mek we öýi ýy­lat­mak üçin ula­nyl­ýar.
Agaç­lar şä­her bio­dür­lü­li­gi­ni dö­ret­mek­de, ösüm­lik­le­ri we haý­wan­la­ry amat­ly ýa­şa­ýyş gur­şa­wy, iý­mit we go­rag bi­len üp­jün et­mek­de mö­hüm rol oý­na­ýar.
Uly agaç bir ýyl­da 150 kg kö­mür­tur­şy ga­zy­ny özü­ne sor­ýar. Şol se­bäp­li, agaç­lar ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi­niň ýa­ra­maz tä­sir­le­ri­ni azalt­mak­da aý­ra­tyn äh­mi­ýe­te eýe­dir. Şeý­le hem agaç­lar ho­wa­nyň hi­li­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­ga kö­mek ed­ýär, esa­san hem, köp ilat­ly şä­her­ler­de sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si üçin oňaý­ly şert­le­ri dö­red­ýär.
Şä­her­ler­de agaç­la­ryň ter­tip­li ýer­le­şi­şi ho­wa­nyň 2-8 de­re­jä çen­li sal­kyn­la­ma­gy­na se­bäp bo­lup, şä­her­ler­dä­ki “ýy­ly­lyk güm­me­zi­niň” tä­si­ri­ni pe­sel­dýär.
Uly agaç­lar şä­he­ri ha­pa­laý­jy mad­da­lar­dyr, ow­nu­jak bö­le­jik­ler üçin, öz­bo­luş­ly süz­güç­ bo­lup hyz­mat ed­ýär. Olar ha­pa­laý­jy gaz­la­ry (my­sal üçin, kö­mür­tur­şy ga­zyny, azot ok­sid­le­ri we kü­kürt ok­sid­le­ri) özü­ne siň­dir­ýär­ler we ho­wa­ny to­zan, gu­rum ýa-da tüs­se ýa­ly maý­da bö­le­jik­ler­den sap­la­ýar­lar.
Ge­çi­ri­len bar­lag­lar, şä­her­ler­dä­ki ýa­şyl zo­lak­la­ra go­laý ýer­ler­de ýa­şa­ma­gyň, gan ba­sy­şy­ny we stre­si pe­selt­mek bi­len bir­lik­de, fi­zi­ki we ru­hy sag­ly­gy dur­nuk­laş­dyr­ma­ga kö­mek ed­ýän­di­gi­ni gör­kez­di. Bu bol­sa, öz ge­ze­gin­de şä­her ila­ty­nyň aba­dan dur­mu­şy­na go­şant goş­ýar.
Uly agaç­lar suw akym­la­ry­ny ka­da­laş­dyr­ýar, te­bi­gy bet­bagt­çy­lyk­la­ryň how­pu­ny azalt­mak­da we suw joş­ma­la­ry­nyň öňü­ni al­mak­da mö­hüm rol oý­na­ýar. My­sal üçin, he­mi­şe gök öw­süp otu­ran bir agaç, her ýyl­da 15 müň litr­den gow­rak su­wy özü­ne siň­di­rip bil­ýär.
Agaç­lar ug­le­rod zy­ňyn­dy­la­ry­ny azalt­ma­ga hem-de ener­gi­ýa­ny tyg­şyt­la­ma­ga kö­mek ed­ýär. My­sal üçin, agaç­la­ry bi­na­la­ryň tö­we­re­gi­ne dog­ry ýer­leş­dir­mek, so­wa­dy­ja ze­rur­ly­gy­ 30 gö­te­rim, gyş aý­la­ry ýy­la­dyş çyk­da­jy­la­ry­ny 20-50 gö­te­rim azal­dyp bil­ýär.
Şä­heri agaç­lar bi­len gö­zel­leş­dir­mek goz­gal­ma­ýan em­lä­giň ba­ha­sy­nyň tak­my­nan, 20 gö­te­rim ýo­kar­lan­ma­gy­na se­bäp bol­ýar we sy­ýa­hat­çy­la­ry we işe­wür­le­ri özü­ne çek­ýär.
Dog­ry me­ýil­leş­di­ri­len we inf­rast­ruk­tu­ra­sy dog­ry do­lan­dy­ryl­ýan şä­her daş­ky tä­sir­le­re has dur­nuk­ly bo­lup, eko­lo­gik, azyk howp­suz­ly­gy, ýa­şa­ýyş şert­le­ri­ni go­wu­lan­dyr­mak, ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi­niň tä­sir­le­ri­ni hem-de te­bi­gy bet­bagt­çy­lyk­la­ry azalt­mak we eko­ul­ga­my go­ra­mak nuk­daý­na­za­ryn­dan dur­nuk­ly bol­ýar. Şeý­le­lik bi­len, agaç­lar bü­tin öm­rü­niň do­wa­myn­da ola­ry ek­mek we ideg et­mek üçin goý­lan ma­ýa go­ýum­la­ryn­dan iki-üç es­se ýo­ka­ry peý­da­ ge­tir­ýär. Bu bol­sa, hä­zir­ki wagt­da gel­jek ne­sil­ler üçin agaç ek­me­giň ze­rur­dy­gy­ny aň­lad­ýar.