Ýa­po­ni­ýa­nyň me­teo­ro­lo­gi­ýa gul­lu­gy To­kio­da sa­ku­ra agajynyň has ir­ gül­le­me­si­niň ha­sa­ba al­nan­dy­gy ba­ra­da ha­bar ber­di. Sa­ku­ra­nyň gül­le­me­gi, ýur­duň paý­tag­tyn­da­ky Ýa­su­ku­nu yba­dat­ha­na­syn­da ýer­leş­ýän “gö­zeg­çi­lik” aga­jyn­da 5 gun­ça peý­da bo­lan­dan soň, mä­lim edil­di. Her ýyl bu dö­wür­de, Ýa­po­ni­ýa­nyň me­teo­ro­lo­gi­ýa eda­ra­sy­nyň hü­när­men­le­ri gün­de bir­nä­çe ge­zek bu aga­jyň ýa­ny­na ge­lip, açy­lan gun­ça­la­ry sa­na­ýar­lar.
14-nji mart­da To­kio­da ho­wa­nyň so­wap, gar se­pe­län­di­gi­ne ga­ra­maz­dan, gun­çalar açy­lyp, sa­ku­ra­nyň gül­le­me­gi res­mi taý­dan yg­lan edil­di. Sa­ku­ra­nyň gun­ça­la­ma­gy ge­çen ýyl­da­ky­dan 7 gün, or­ta­ça ýyl ha­sa­byn­dan bol­sa, 12 gün ir­dir. Sa­ku­ra gü­lü­niň il­kin­ji bäş gun­ça­sy 2002-nji we 2013-nji ýyl­lar­da 16-njy mart­da açy­lyp, bu ýyl re­kord de­re­je­de öňe geç­di. 1953-nji ýyl­dan bä­ri şeýle sanaw do­wam et­di­ril­ýär. Adat­ça, bu dö­wür­de se­ýil­gäh­ler­de dost­lar, kär­deş­le­r we maş­ga­la­lar wagt­la­ry­ny şadyýan ge­çir­mek üçin, gül­le­ýän agaç­la­ryň aşa­gy­na ýyg­nan­ýar­lar. Sa­ku­ra­nyň gun­ça­la­ýan döw­ri tä­sin agaç­la­ry bi­len ta­nal­ýan se­ýil­gäh­le­re ge­ze­lenç­le­riň wag­ty ha­sap­lan­ýar. Sa­ku­ra ag­şam ça­gy to­ma­şa et­mek has-da lez­zet­li. Çün­ki, se­ýil­gäh­ler gül­gü­ne reňk­li bu agaç­la­ry has-da gö­zel­leş­dir­ýän yşyk­lan­dy­ryş ul­ga­my bi­len ab­zal­laş­dy­ryl­ýar.