“Apex” şe­re­ke­ti kuw­wat­ly­ly­gy we ae­ro­di­na­mi­ki aý­ra­tyn­lyk­la­ry bo­lan “AP-0 Concept” at­ly ula­gy­ny ta­nyş­dyr­dy. Iň­lis şe­re­ke­ti tä­ze ula­gy­ny Lon­don­da köp­çü­li­ge görkezdi. Kuw­wa­ty 650 at güý­jü­ne ba­ra­bar (484 ki­lo­watt) bo­lan ulag sa­gat­da 305 km/sa­gat bi­len he­re­ket ed­ýär. Bir ge­zek­ki zar­ýa­dy bi­len 500 ki­lo­metr ýol geç­ýän ulag ba­ry-ýo­gy 2,3 se­kunt­da 100 km/sa­gat tiz­li­ge ýet­ýär. Ula­gyň ba­ta­re­ýa­sy­nyň zar­ýa­dy 15 mi­nut­da 80 gö­te­rim dol­ýar. Maşynyň içi ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa bi­len, şeýle hem ge­rek­li mag­lu­mat­la­ry gör­kez­ýän ek­ran­lar bi­len üp­jün edi­lip­dir. Dürli ýerlerine ýerleşdirilen 90 metr daş-tö­we­re­gin­dä­ki he­re­ket­le­ri gör­ýän ra­dar we ka­me­ra­lar bolsa, sü­rü­ji­niň işi­ni ýe­ňil­leş­dir­ýär we ula­gyň howp­suz­ly­gy­ny ýo­ka­ry de­re­jä ýe­tir­ýär. Ösen teh­no­lo­gi­ýa bi­len üp­jün edi­len ula­gy has hem kä­mil­leş­dir­mek üçin Gon­kong­da täze teh­no­lo­gi­ýa mer­ke­ziniň gu­rul­jak­dy­gy ha­bar be­ril­di. 2022-nji ýy­lyň ikin­ji ýa­ry­myn­da sa­tu­wa çy­ka­ryl­jak ula­gyň ba­ha­sy­nyň 184 müň dol­lar tö­we­re­gi bol­jak­dy­gy mä­lim edil­di.