Şu gün­ler Weng­ri­ýa­da güý­men­je, baş­dan ge­çir­me­ler, sy­ýa­hat we dynç al­şyň iş­jeň gör­nüş­le­ri­ni ha­la­ýan­lar üçin aja­ýyp müm­kin­çi­lik dö­re­dildi. Ýurt­da iň uly dynç alyş se­ýil­gä­hi açyl­dy. Bu ýe­re gel­ýän­ler üçin buz meý­dan­ça­sy, dag-ly­ža eň­ňit­le­ri, ga­ýa dyr­maş­mak mer­ke­zi we köp ugur­ly gö­zeg­çi­lik di­ňi hyz­mat edip, gözegçilik diňinden şä­her­çä­niň we onuň tö­we­re­gin­de ýa­ýy­lyp ýa­tan aja­ýyp tebigata to­ma­şa et­mek müm­kin.
Baş­dan ge­çir­me­leri söýýänler üçin 250-480 metr belentlikdäki açyk we ýa­pyk ka­bi­na­ly as­ma ýo­llar hyzmat edýär. Olar myh­man­la­ra guşuçar belentlikden gözellikleri synlamaga müm­kin­çi­lik ber­ýär. Bir as­ma ýo­luň uzyn­ly­gy 1036 metr bo­lup, ma­ýyp­lar üçin hem el­ýe­ter­li­dir. Ikin­ji as­ma ýo­luň ýa­pyk ka­bi­na­la­ry bir wag­tyň özün­de birnäçe ýo­lag­çy­ny äkidip bilýär. Weng­ri­ýa­da­ky bu asma ýol juda öz­bo­luş­ly, şunuň ýaly asma ýollar Ýew­ro­pa­da di­ňe be­ýik dag se­bit­le­rin­de gurulýar.
1500 ine­dör­dül metr ulu­lyk­da­ky eme­li buz meý­dan­ça­sy gy­şyn-ýa­zyn iş­le­ýär. Bu ýer­de il­kin­ji gün­ler­den baş­lap, şat­lyk we gül­ki hö­küm sür­ýär. Şeý­le hem fi­gu­ra­la­ýyn typ­mak bo­ýun­ça ýa­ryş­lar guralar diý­lip ga­ra­şyl­ýar.