Hä­zir­ki wagt­da smart­fon­la­ryň ka­me­ra­la­ry has ýo­ka­ry du­ru­lyk­da su­ra­ta al­ma­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Soň­ky ýyl­lar­da te­le­fon ka­me­ra­la­ry­nyň fo­to­en­jam­lar bi­len bäs­leş­ýän­di­gi aý­dyl­ýar. Bu ugur­da beý­le­ki kom­pa­ni­ýa­lar­dan ta­pa­wut­lan­ýan “Sam­sung” 150 MP du­ru­ly­gyn­da ka­me­ra­ny iş­läp taý­ýar­la­ýar. Ulu­ly­gy 2,5 sm bol­jak kamera “Sam­sung Ga­laxy S20 Ult­ra” smart­fon­la­ryn­da­ky “ISOCELL Bright HM1” at­ly sen­sor teh­no­lo­gi­ýa­sy bi­len ön­dü­ri­ler. Ýe­ri ge­len­de aýt­sak, ko­reý bren­di ge­çen ýyl 108 MP du­ru­ly­gyn­da ka­me­ra iş­läp taý­ýar­lap­dy. Bu ka­me­ra il­ki “Xiao­mi” smart­fon­la­ryn­da, soň­ra bol­sa “Ga­laxy S20 Ult­ra” smart­fo­nyn­da otur­dy­lyp­dy. Tä­ze sen­sor hem şu ýy­lyň ikin­ji ýa­ry­myn­da sa­tu­wa çy­ka­ryl­jak “Xiao­mi” smart­fon­la­ryn­da otur­dy­lar. 2021-nji ýy­lyň bi­rin­ji çär­ýe­gin­de OP­PO we “Vivo” kom­pa­ni­ýa­la­ry hem bu teh­no­lo­gi­ýa bi­len iş­le­nip taý­ýar­la­nan ýo­ka­ry du­ru­lyk­da­ky ka­me­ra­la­ry öz en­jam­la­ryn­da oturt­ma­gy mak­sat edin­ýär.
Şeý­le hem kom­pa­ni­ýa bir ýyl ozal ta­nyş­dy­ry­lan 5 na­no­metr­lik çi­pi­ni sy­nag­dan ge­çi­ren­dik­le­ri­ni we onuň önüm­çi­li­ge taý­ýar­dy­gy­ny mä­lim et­di. Hä­zir­ki wagt­da­ky 7 na­no­metr­lik çip­ler­den 25 gö­te­rim ki­çi bo­lan tä­ze ýa­rym­ge­çi­ri­ji 20 gö­te­rim ne­ti­je­li bol­ma­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýar.