Tehnologiýanyň ösmegi bilen howa gämileriniň has uzak aralyga düşelgesiz uçmagyna mümkinçilik döredi. Şol sebäpli iň uzak uçuş rekordlary yzygiderli täzelenýär. Bu ugurda köplenç Singapuryň awiakompaniýasy tapawutlanýar. Kompaniýanyň “Airbus A350-900 ULR” kysymly uçary Singapur – Nýu-Ýork aralygyndaky gatnawyny 18 sagatda tamamlaýar. Golaýda “Air Tatiti Nui” awiakompaniýasy başga bir rekord goýdy. Merkezi edarasy Fransuz Polineziýasynyň Papeete şäherinde ýerleşýän kompaniýanyň Papeete – Pariž aralygynda gatnaýan uçarlary mundan ozal Los-Anjelesde düşländen soňra gaýtadan uçýardy. Kompaniýanyň ýolbaşçylary golaýda Ýuwaş ummanyndaky ada bilen Parižiň aralygyndaky uçuşlaryny göni gatnaw arkaly amala aşyryp başladylar. Şeýlelikde, iň uzak içki gatnaw ýola goýuldy. “Boeing 787-9 Dreamliner” uçarlary 15 715 km aralygy 16 sagat 30 minutda tamamlady. Bu aralyk halkara gatnawlaryň hem köpüsinden uzyn bolmagy bilen tapawutlanýar.