2000-nji ýyllarda el telefonlarynyň ýaýbaňlanmagyna uly goşant goşan “Nokia” şereketi 2012-nji ýylda telefon önümçilik bölümini “Microsoft” kompaniýasyna satypdy. Gazanylan ylalaşyga görä, 2016-njy ýylda gaýtadan el telefonlaryny öndürip başlan fin şereketi elýeterli smartfon modelleriniň birnäçesini öndürýär. “HMD Global” kompaniýasynyň eýeçilik edýän şereketi “Nokia C2” atly täze telefonyny tanyşdyrdy. Bu smartfonda “Android Go” amaly ulgamy oturdylypdyr. Ýeri gelende aýtsak, “Google”-yň “Go” nusgasyna (“Google Go”, “Assistant Go”, “Gmail Go”, “YouTube Go”) degişli bolan ulgam has arzan bahaly telefonlaryň akgynly işlemegini üpjün edýär. Smartfonyň 5,7 dýuýmlyk “HD+” durulygynda IPS LCD ekrany bar. 1 gigabaýt RAM-ly enjamda 16 GB-dan 64 GB-a çenli köpeldip bolýan ýady bar. Yz tarapynda 5 megapiksel durulygynda surata alýan kamerasy bolan mobil enjamyň öň tarapynda hem deňeçer sensory oturdylypdyr. Satuwa çykaryljak wagty mälim edilmedik telefonyň bir hem-de iki sim-kartly görnüşiniň boljakdygy mälim edildi. Kiçijik smartfonyň agramy 161 grama, ululygy 154,8 x 75,59 x 8,85 mm bolar.