Norwegiýanyň Ylymlar akademiýasy 2020-nji ýylyň Abel baýragy bilen rus-amerikan matematigi Grigoriý Margulisi we Ierusalimdäki ýewreý uniwersitetiniň professory Gilel Fýurstenbergi “Ähtimallyk, dinamika, sanlar we kombinatorika nazaryýetleriniň usullaryny täzeçil ulanandyklary üçin” sylaglady. Bu barada baýragyň saýtynda habar berilýär. Fýurstenberg we Margulis matematik hasaplamalary öwrenmek üçin tötänleýin azaşma usulyny – toparlary ulandylar. Bu çemeleşmäniň kömegi bilen alymlar köp matematiki meseleleri çözmegiň hötdesinden geldiler.
Bu baýrak, elliptik meseleler nazaryýetini esaslandyryjy norwegiýaly matematik Nils Henrik Abeliň adyny göterýär. 2002-nji ýylda, alymyň doglan gününiň 200 ýyllygy mynasybetli Norwegiýanyň hökümeti Abel gaznasyny esaslandyrmak üçin 200 million kron (23,4 million dollar) bölüp berdi. Bu baýrak görnükli matematikleriň bitiren hyzmatlary üçin niýetlenendir. Ilkinji baýrak 2003-nji ýylda berildi. Abel baýragynyň mukdary 7,5 million krona (834 müň dollar) deň. Baýrak gowşurylyş dabarasy adatça, ýazyň ahyrynda geçirilip, ýeňiji baýragy norweg Korolynyň elinden alýar.