Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­da dur­ma­gyn­da ýur­du­myz­da il­kin­ji­le­riň ha­ta­ryn­da ylym-bi­lim pu­da­gy­nyň döw­re­bap de­re­je­de ös­dü­ril­me­gi­ne uly äh­mi­ýet be­ril­ýär. Şo­nuň üçin bu pu­da­ga döw­rüň hem-de teh­no­lo­gi­ýa­nyň iň soň­ky ga­za­nan­la­ry­ny iş­jeň or­naş­dyr­mak iş­le­ri uly dep­gin­de al­nyp ba­ryl­ýar.
Häzirki wagtda mil­li Li­de­ri­mi­ziň ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­tini san­ly­laş­dyr­mak stra­te­gi­ýa­sy uly üs­tün­lik­le­re bes­len­ýär. Ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ni san­ly­laş­dyr­mak Kon­sep­si­ýa­sy­na la­ýyk­lyk­da, halk ho­ja­ly­gynyň äh­li ugur­la­ry bi­len bir ha­tar­da ylym pu­da­gyn­da hem de­giş­li iş­ler ýo­la go­ýul­dy. Mä­lim bol­şy ýa­ly, hor­mat­ly Prezidentimiz golaýda geçirilen Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň mej­li­sin­de “Türk­me­nis­tan­da ylym ul­ga­my­ny 2020 – 2025-nji ýyl­lar­da san­ly ul­ga­ma ge­çir­me­giň Mak­sat­na­ma­sy­ny tas­syk­la­mak ha­kyn­da” Ka­ra­ra gol çek­di. Bu res­mi­na­ma ýur­du­my­zyň Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy ta­ra­pyn­dan ýur­du­my­zy 2025-nji ýy­la çen­li dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň mak­sat­na­ma­syn­da kes­git­le­ni­len we­zi­pe­den do­ly ugur al­nyp taý­ýar­lan­dy.

Ýa­kyn bäş ýyl­da san­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ry giň­den ulan­mak ar­ka­ly yl­my-bar­lag iş­le­ri­ni tä­ze de­re­jä çy­kar­mak, yl­myň, bi­li­miň we önüm­çi­li­giň ara­syn­da­ky öza­ra bag­la­ny­şy­gy has-da iş­jeň­leş­dir­mek, mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­miz­dä­ki san­ly öz­gert­me­le­ri yl­my-teh­ni­ki we in­tel­lek­tu­al taý­dan üp­jün et­mek göz öňün­de tu­tul­ýar.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň bel­leý­şi ýa­ly, adam­zat jem­gy­ýe­ti­niň ösü­şi ylym we bi­lim bi­len öza­ra bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Dün­ýä­niň ösen döw­let­le­rin­de bol­şy ýa­ly, Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap ýur­du­myz­da hem ylym we bi­lim döw­le­ti­mi­ziň güýç-kuw­wa­ty­ny hem-de müm­kin­çi­lik­le­ri­ni art­dyr­ýan esa­sy se­riş­de, jem­gy­ýe­ti­mi­ziň he­re­ket­len­di­ri­ji güý­jü­dir. Hor­mat­ly Prezidentimiz­ 2019-njy ýy­lyň 12-nji iýu­nyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Ylym­lar aka­de­mi­ýa­syn­da ge­çi­ren mas­la­ha­tyn­da mil­li yl­my ös­dür­me­giň, ýur­du­myz­da ama­la aşy­ryl­ýan dur­muş-yk­dy­sa­dy öz­gert­me­le­riň yl­my bin­ýa­dy­ny mun­dan beý­läk hem pug­ta­lan­dyr­ma­gyň, san­ly yk­dy­sa­dy­ýet şert­le­rin­de mag­lu­mat-ara­gat­na­şyk teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­nyň has gi­ňiş­le­ýin peý­da­la­nyl­ma­gy­na ýar­dam ber­me­giň, yl­my-bar­lag iş­le­ri­niň gu­ra­ly­şy­ny we ma­li­ýe­leş­di­ri­li­şi­ni kä­mil­leş­dir­me­giň, yl­my-bar­lag eda­ra­la­ry bi­len yl­my hyz­mat­la­ry sarp edi­ji­le­riň ara­syn­da­ky bag­la­ny­şy­gy ös­dür­me­giň me­se­le­le­ri­ne se­re­di­lip­di. Şon­da hor­mat­ly Prezidentimiziň ýur­du­my­zyň yl­my kuw­wa­ty­ny has-da art­dyr­mak, alym­la­ryň oý­lap ta­pyş­la­ry­ny önüm­çi­li­ge or­naş­dyr­mak, Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy­nyň yl­my-bar­lag ins­ti­tut­la­ry­nyň mad­dy-teh­ni­ki bin­ýa­dy­ny pug­ta­lan­dyr­mak me­se­le­le­ri­ne aý­ra­tyn üns be­rip, şu mak­sat bi­len Döw­let býu­je­ti­niň se­riş­de­le­ri­niň ha­sa­by­na 35 mil­li­on ma­nat möç­be­rin­de pul se­riş­de­le­ri­ni bö­lüp ber­mek ba­ra­da­ky Ka­ra­ra gol çek­me­gi, ýur­du­myz­da yl­ma go­ýul­ýan sar­pa­nyň ýo­ka­ry­dy­gy­nyň ýe­ne-de bir aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň ylym-bi­lim pu­da­gy­ny döw­re­bap ös­dür­mek ba­bat­da ka­bul eden ta­ry­hy äh­mi­ýet­li Ka­rar­la­ry ýur­du­my­zyň ylmy jem­gy­ýe­tçiligi­niň we­kil­le­ri­ni hem-de alym­la­ryny has-da dö­re­di­ji­lik­li zäh­met çek­mä­ge ruh­lan­dyr­ýar.
“Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýur­du­my­zy 2019 – 2025-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mak­sat­na­ma­syn­da” Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy­nyň we ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň alym­la­ry­na yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň äh­li pu­dak­la­ry­ny dep­gin­li ös­dür­mek­de uly orun be­ril­ýär. Mö­hüm ugur­la­ra ýö­ri­te­leş­di­ri­len tä­ze ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň hem-de ola­ryň dü­zü­min­de yl­my-bar­lag ins­ti­tut­la­ry­nyň dö­re­dil­me­gi bi­li­miň de­re­je­si­ni we hi­li­ni, yl­my bar­lag­la­ryň ne­ti­je­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­mak bi­len bir­lik­de, bu ul­gam­la­ryň saz­la­şyk­ly ös­ýän­di­gi­ne hem-de dün­ýä­niň aň-paý­has gi­ňiş­li­gi­ne iş­jeň go­şu­lyş­ýan­dy­gy­na şa­ýat­lyk ed­ýär.
Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de ýur­du­myz­da san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­mek, dün­ýä öl­çeg­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän, mag­lu­mat-teh­no­lo­gik ösüş­ler­den go­wy baş çy­kar­ýan ýo­ka­ry bi­lim­li hü­när­men­le­ri taý­ýar­la­mak mak­sa­dy bi­len, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz bu ugur­da kä­mil hü­när­men­le­riň ýe­tiş­di­ril­me­gi­ne hem uly äh­mi­ýet ber­ýär. Şo­nuň üçin ýur­du­myz­da bu ugur­da tä­ze ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri dö­re­dil­ýär. Olar­da yl­myň tä­ze ugur­la­ry, ýag­ny san­ly ul­gam bi­len bag­la­ny­şyk­ly hü­när­ler bo­ýun­ça – in­že­ner­çi­lik, na­no­teh­no­lo­gi­ýa, komp­ýu­ter prog­ram­ma­çy­ly­gy we beý­le­ki ugur­lar­da kä­mil hü­när­men­ler ýe­tiş­ýär. Bu ugur­da hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­na hem uly üns be­ril­ýär. Ýur­du­my­zyň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri, ylym-bi­lim ins­ti­tut­la­ry dün­ýä­niň köp san­ly ýur­du­nyň de­giş­li bi­lim eda­ra­la­ry bi­len iş­jeň hyz­mat­daş­ly­gy ýo­la goý­dy. Ýur­du­my­zyň ylym-bi­lim pu­da­gy­ny döw­re­bap de­re­je­de ös­dür­mä­ge Teh­no­lo­gi­ýa­lar mer­ke­zi­niň hem go­şan­dy ulu­dyr. Bu mer­kez kö­pu­gur­ly yl­my–bar­lag­la­ry alyp bar­ma­ga, na­no, bio, mag­lu­mat teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­nyň we hi­mi­ki yl­my–bar­lag­la­ryň ge­çi­ril­me­gi üçin döw­re­bap bin­ýat bo­lup hyz­mat ed­ýär. Teh­no­lo­gi­ýa­lar mer­ke­zi ýur­du­my­zyň yl­my–bar­lag eda­ra­la­ry, ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri, se­na­gat kär­ha­na­la­ry we işe­wür­ler mer­ke­zi bi­len hyz­mat­daş­lyk esa­syn­da yl­my ös­dür­mä­ge, in­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­la­ry iş­läp taý­ýar­la­ma­ga we halk ho­ja­ly­gy­nyň dür­li pu­dak­la­ry­na giň­den or­naş­dyr­ma­ga uly äh­mi­ýet ber­ýär.
Ýur­du­my­zyň bi­lim ul­ga­my­nyň ýo­ka­ry dün­ýä de­re­je­si­ne çyk­ma­gy mö­hüm we­zi­pe­le­ri öň­de goý­ýar. Hä­zir­ki wagt­da Türk­me­nis­tan­da şol we­zi­pe­ler üs­tün­lik­li çö­zül­ýär. Mu­nuň özi, il­kin­ji no­bat­da, hal­ka­ra okuw mek­dep­le­ri­niň dö­re­dil­me­gi­ni, iň döw­re­bap en­jam­lar bi­len üp­jün edi­len ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň we beý­le­ki okuw-mu­gal­lym­çy­lyk eda­ra­la­ry­nyň tä­ze bi­na­la­ry­nyň gu­rul­ma­gy­ny, şo­la­ryň işi­ne iň tä­ze mag­lu­mat-kom­mu­ni­ka­si­ýa teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­nyň or­naş­dy­ryl­ma­gy­ny, şol san­da in­ter­net we elekt­ron ki­tap­ha­na­lar ar­ka­ly dün­ýä mag­lu­mat­lar ul­ga­my­na ýo­ka­ry tiz­lik­li el­ýe­ter­li­li­giň üp­jün edil­me­gi­ni öz içine alýar.

Ogul­dür­li TA­GA­NO­WA,
Türk­men döw­let bi­na­gär­lik-gur­lu­şyk
ins­ti­tu­ty­nyň uly mu­gal­ly­my.