Hormatly Prezidentimiz daşky gurşawy goramaga, tebigata aýawly çemeleşmäge, onuň gözelligini we baýlygyny geljek nesiller üçin gorap saklamaga ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde garaýar. Şonuň üçin ekologiýa, bioköpdürlüligi saklamak, çölleşmä garşy göreş bilen baglanyşykly meselelere möhüm ähmiýet berilýän ýurdumyzda bu ulgamda sebit we ählumumy hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine mynasyp goşant goşulýar. Bu ugurda dünýäniň abraýly halkara we sebit guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Ýurdumyz ekologiýa babatda halkara ylalaşyklarynyň ençemesine goşuldy we bu ugurda täze konwensiýalara goşulmak babatda hem degişli işler yzygiderli alnyp barylýar.
Milli Liderimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde, “Rio+20” Bütindünýä sammitinde we beýleki iri forumlarda öňe sürýän ekologiýa ugurly halkara başlangyçlary umumadamzat ähmiýetli wezipeleriň çözgüdine gönükdirilendir.
Şol maksat bilen BMG we beýleki halkara guramalarynyň düzümleri bilen ekologiýa abadançylygynyň üpjün edilmegi ugrunda giň tagallalar edilýär. Ýakynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurdumyzyň daşky gurşawy goramak babatda halkara konwensiýalara goşulmagy bilen baglanyşykly meselelere hem seredildi. Häzirki döwürde Türkmenistan bu ugur boýunça köptaraplaýyn halkara resminamalaryň 20-sine gatnaşýar. Milli Liderimiziň ekologiýa diplomatiýasyny durmuşa geçirmäge hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň we onuň düzümleýin edaralarynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen oňyn başlangyçlaryny durmuşa geçirmek maksady bilen ýene-de köptaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine goşulmak göz öňünde tutulýar. Şolaryň hatarynda BMG-niň Daşky gurşaw maksatnamasynyň (ÝUNEP) howandarlygynda baglaşylan hem-de işlenip düzülen, 1983-nji ýylda güýje giren Ýabany haýwanlaryň göçýän görnüşlerini gorap saklamak boýunça Konwensiýa (Bonn Konwensiýasy) we 1999-njy ýylda kabul edilen Afrika – Ýewraziýa göçüş ugry boýunça göçýän suw-batgalyk guşlaryny gorap saklamak boýunça Ylalaşyk hem-de 2016-njy ýylda kabul edilen Ozony dargadyjy maddalar boýunça Monreal teswirnamasynyň Kigali düzedişi bar.
Ýokarda agzalan halkara resminamalary tebigat bilen baglanyşyklydyr. Türkmenistanyň özboluşly tebigatyny öwrenmek, aýratyn-da, Türkmenistanyň haýwanat dünýäsi elmydama jahankeşdeleriň we tebigaty söýüjileriň ünsüni özüne çekip geldi. Biziň Watanymyzyň haýwanat dünýäsi köp tarapdan örän täsin. Ýurdumyzda haýwanat dünýäsi baradaky alada döwlet ähmiýetli derejä galdyryldy. Göçüp barýan guşlary gorap saklamak üçin hem degişli işler geçirilýär. Muňa hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň günbatarynda Hazar deňziniň kenarynda gurlan halkara derejeli portuň gurluşygy mahaly şol ýerde emeli ada hem döredildi. Ol hem göçüp-gonýan guşlar üçin örän ähmiýetli we möhüm taslama bolup hyzmat edýär.
Ozon gatlagyny goramak babatda hem ýurdumyzda degişli işler alnyp barylýar. Bu ugurda kanunçylyk binýady hem pugtalandyryldy. Ýurdumyz Monreal teswirnamasy boýunça ähli halkara borçnamalaryny ýerine ýetirýär. Wena Konwensiýasynyň kabul edilmegi bilen kadalaşdyryjy düzgünleriň ählisi “Ozon gatlagyny goramak hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna girizildi. Ýurdumyzda hereket edýän “Ozon gatlagyny goramak hakynda” Türkmenistanyň Kanuny ozon gatlagyny goramagyň, şeýle hem ozon dargadyjy maddalar bilen iş alyp barmak babatda döwlet dolandyryşynyň we gözegçiliginiň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär hem-de ozon gatlagynyň dargamagy bilen dörän amatsyz netijelerden adamyň saglygyny we daşky gurşawy goramak maksady bilen, ozon gatlagynyň goralmagyna we onuň dargamagynyň öňüniň alynmagyna, dikeldilmegine gönükdirilendir. Şeýle hem ýurdumyzda “ýaşyl” ykdysadyýet ulgamyna has köp üns berlip, tebigata zyýan bermeýän tehnologiýanyň ornaşdyrylmagyna uly üns berilýär.
Mundan başga-da, ýurdumyzda ekologiýa abadançylygy babatda ýaşyl zolaklary hem döretmek uly ähmiýete eýedir. Milli Liderimiziň baştutanlygynda her ýyl ýurdumyzda agaç nahallarynyň millionlarçasy oturdylýar. Bu hem howanyň we tebigatyň arassa bolmagyna getirýär.
Umuman, BMG-niň tebigaty goramak boýunça binýat goýujy ylalaşyklaryny, şol sanda bioköpdürlilik, ozon gatlagyny goramak, çölleşmä garşy göreş, serhetüsti suw akymlaryny we halkara kölleri goramak hem-de peýdalanmak hakyndaky Konwensiýalary, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni we tebigy mirasy gorap saklamak baradaky Konwensiýasyny hem-de howanyň üýtgemegi boýunça Pariž Ylalaşygyny tassyklap, ýurdumyz öz üstüne alan borçnamalaryna gyşarnyksyz eýerýär.
Ýurdumyz olaryň sazlaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamakda işjeň orny eýeläp, bu möhüm ulgamda netijeli sebit we halkara hyzmatdaşlygy, şol sanda BMG-niň we onuň ýöriteleşdirilen edaralarynyň çäklerinde gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen anyk başlangyçlar bilen çykyş edýär.
Golaýda ýurdumyzda “Ekologiýa maglumaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi hem daşky gurşawy goramak, ata Watanymyzyň tebigatynyň baýlygyny we gözelligini gorap saklamak babatda edilýän giň göwrümli işleriň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.
Jumamyrat GÖLÄÝEW,
S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň mugallymy.