Ýur­du­myz­da eko­lo­gi­ýa dip­lo­ma­ti­ýa­sy­ny dur­mu­şa ge­çir­mä­ge hem-de Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň we onuň dü­züm­le­ýin eda­ra­la­ry­nyň çäk­le­rin­de hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk-de ös­dür­mä­ge gö­nük­di­ri­len oňyn baş­lan­gyç­la­ry dur­mu­şa ge­çir­mek mak­sa­dy bi­len, ýur­du­my­z köp­ta­rap­la­ýyn res­mi­na­ma­la­ryň bir­nä­çe­si­ne go­şul­ýar. Ýur­du­myz­da BMG-niň Daş­ky gur­şaw mak­sat­na­ma­sy­nyň (ÝU­NEP) ho­wan­dar­ly­gyn­da bag­la­şy­lan hem-de iş­le­nip dü­zü­len, 1983-nji ýyl­da güý­je gi­ren Ýa­ba­ny haý­wan­la­ryň göç­ýän gör­nüş­le­ri­ni go­rap sak­la­mak bo­ýun­ça Kon­wen­si­ýa (Bonn Kon­wen­si­ýa­sy) we 1999-njy ýyl­da ka­bul edi­len Af­ri­ka – Ýew­ra­zi­ýa gö­çüş ug­ry bo­ýun­ça göç­ýän suw-bat­ga­lyk guş­la­ry­ny go­rap sak­la­mak bo­ýun­ça Yla­la­şyk hem-de 2016-njy ýyl­da ka­bul edi­len Ozo­ny dar­ga­dy­jy mad­da­lar bo­ýun­ça Mon­re­al tes­wir­na­ma­sy­nyň Ki­ga­li dü­ze­di­şi mu­nuň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr.

Daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak ýa-da te­bi­ga­ty go­ra­mak adam­za­dyň iş­jeň­li­gi­niň daş­ky gur­şa­wa (te­bi­ga­ta) ýa­ra­maz tä­si­ri­ni çäk­len­dir­mek üçin, dö­re­di­len çä­re­ler top­lu­my­dyr. Yl­my we teh­no­lo­gi­k ösü­şiň daş­ky te­bi­gy gur­şa­wa (bi­os­fe­ra) dür­li-dür­li tä­si­ri­ni öw­ren­mek bi­ziň döw­rü­mi­ziň iň mö­hüm me­se­le­le­rin­den bi­ri bo­lup dur­ýar. Şeý­le göz­leg­le­r­iň esa­sy mak­sa­dy, gel­jek­ki ne­sil­le­ri­mi­ziň aba­dan­çy­ly­gy üçin, daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak­dan we aba­dan­laş­dyr­mak­dan yba­rat­dyr. Şeý­le çä­re­ler aşak­da­ky­la­ry öz içi­ne al­ýar: umu­my daş­ky gur­şaw ýag­da­ýy­ny go­wu­lan­dyr­mak üçin at­mos­fe­ra we gid­ros­fe­ra zy­ňyn­dy­la­ry çäk­len­dir­mek. Te­bi­gy top­lum­la­ry go­rap sak­la­mak üçin go­rag­ha­na­la­ry, mil­li se­ýil­gäh­le­ri dö­ret­mek. Bel­li bir gör­nüş­le­ri go­rap sak­la­mak üçin ba­lyk tut­ma­gy, aw aw­la­ma­gy çäk­len­dir­mek. Taş­lan­dy­la­ry çäk­len­dir­mek. Ýer­le­ri go­ra­mak we top­ra­gy go­ra­mak.