Ýaponiýanyň Kameoka şäher geňeşi (Honsýu adasy) dükanlarda plastik paketleriň ulanylmagyny doly gadagan etdi. “Mainichi Shimbun” gazetiniň habaryna görä, bu Ýaponiýada şunuň ýaly ilkinji gadagançylykdyr. Karar 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girer. Häkimiýet bu çäreleriň köçelerdäki plastik galyndylaryň mukdaryny azaldyp, şäheriň suw howdanlarynyň hapalanmagyny azaldar diýip umyt edýär.
Kameoka şäherindäki täze girizilen kada görä, plastik paketleri satmak we mugt hödürlemek gadagan ediler. Şeýle hem, satyjylaryň müşderilere kagyz ýa-da biodargaýjy materiallardan edilen paketleri mugt bermegi gadagan ediler. Kameokanyň häkiminiň dükanlardan degişli hasabatlary soramaga we şäher häkimliginiň işgärlerini barlag geçirmek üçin ibermäge ygtyýary bar.
BMG-niň maglumatlaryna görä, dünýäde her ýylda 300 million tonna plastik galyndy işlenip çykarylýar. Bu mukdaryň takmynan, 8 million tonnasy ummanlara düşýär. Şol ýerde şeýle galyndylar maýdalanýar we mikroplastik görnüşe geçip, olary balyklar, mollýuskalar we beýleki deňiz jandarlary iýýärler. Ýaponiýanyň hökümeti häzirki wagtda 2050-nji ýyla çenli plastik galyndylaryň ummanlara taşlanmagyny doly ýok etmek üçin niýetlenen meýilnamalary işläp düzýär.