Çi­li döwletiniň şa­hy­ry, dip­lo­ma­ty, ha­bar­çy­sy Pab­lo Ne­ru­da­nyň öz­bo­luş­ly ar­hi­wi auk­sio­na çy­ka­ryl­dy. Bu ba­ra­da “The Gu­ar­di­an” ga­ze­ti ha­bar ber­di. No­bel baý­ra­gy­nyň eýe­si Pab­lo Ne­ru­da­nyň 600-den gow­rak ki­ta­by, gol­ýaz­ma­la­ry, fo­to­su­rat­la­ry, žur­nal­la­ry, hat­la­ry we otk­ryt­ka­la­ry şu hep­de Bar­se­lo­na­da ge­çi­ri­len auk­si­ona çy­ka­ryl­dy. Bu kol­lek­si­ýa me­ge­rem, Ne­ru­da­nyň yg­ty­ýa­ryn­da bo­lan iň go­wy ar­hi­wi­dir.

Şa­hyr we kol­lek­si­ýa­çy Sant­ýa­go Wi­wan­ko ta­ra­pyn­dan soň­ky 25 ýyl­da top­la­nan ha­zy­na­la­ry­nyň ara­syn­da Ne­ru­da­nyň 1924-nji ýyl­da çap edi­len “Söý­gi hak­da 20 goş­gy we umyt­syz­lyk aý­dy­my” at­ly il­kin­ji ne­şi­ri bar. Ki­tap ju­da seý­rek bo­lan­soň, şa­hy­ryň özün­de-de bir nus­ga­sy ýok eken. Ki­ta­byň seý­rek­li­gi bi­len bir­lik­de, Ne­ru­da­nyň ýa­şyl sy­ýa­da ko­lumb ýa­zy­jy­sy­na ýa­zan ha­ty­ ki­ta­byň ba­ha­sy­ny has-da art­dyr­ýar: “Gab­ri­el Gar­si­ýa Mar­kes üçin. Ga­dyr­ly dos­tum, tak­my­nan, 50 ýyl mun­dan ozal ýa­zy­lan bu tä­sin “ta­pyn­dy” bi­len gut­la­ýa­ryn. Bu ki­tap hat­da me­niň özüm­de hem ýok. Pab­lo Ne­ru­da. Pa­riž, 1971”.

Sant­ýa­go Wi­wan­ko ýet­gin­jek­lik ýyl­la­ryn­da Pab­lo Ne­ru­da­nyň şy­gyr­la­ryn­da­ky owa­dan jüm­le­le­riň aşy­gy bol­ýar. Ýö­ne ol ýa­zy­jy­nyň kol­lek­si­ýa­sy­ny dö­re­dip baş­lan­da, onuň baş­dan ge­çi­ren dart­gyn­ly pur­sat­la­ry­na haý­ran gal­ýar.

– Men ýa­zy­jy­nyň öm­ri we dö­re­di­ji­li­gi bi­len gy­zyk­la­nyp, ge­çen asyr­da bo­lup ge­çen uly wa­ka­la­ra ga­bat gel­dim. 1973-nji ýyl­da 69 ýa­şy­nyň için­de ara­dan çy­kan ýa­zy­jy öm­rü­niň do­wa­myn­da La­tyn Ame­ri­ka­sy­nyň me­de­ni öz­ge­ri­şli­kle­ri­niň kö­pü­si­niň şa­ýa­dy bol­dy – di­ýip, Wi­wan­ko “The Gu­ar­di­an” ga­ze­ti bi­len söh­bet­deş­lik­de aýt­dy.