Ang­li­ýa­da ka­gyz ki­tap­la­ryň, esa­san hem, nus­ga­wy we hä­zir­ki za­man ro­man­la­ry­nyň sa­tu­wy bir hep­de­de 35% ýo­kar­lan­dy. Bu ba­ra­da “The Gu­ar­di­an” ne­şi­ri ha­bar ber­ýär. Ne­şi­riň syn­çy­sy, oka­ma­ga gy­zyk­lan­ma­nyň ös­me­gi­ni adam­lar­da boş wag­tyň peý­da bo­lan­ly­gy bi­len dü­şün­dir­ýär.

“Wa­ters­to­nes”-yň dü­kan­lar ul­ga­my­nyň on­laýn sa­tuw muk­da­ry ge­çen hep­de dört es­se art­dy. To­ruň ýol­baş­çy­la­ry nus­ga­wy ede­bi­ýa­ta has köp is­leg bil­di­ril­ýän­di­gi­ni, ola­ryň ara­syn­da, Gab­ri­el Gar­si­ýa Mar­ke­siň “Ýal­ňyz­ly­gyň 100 ýy­ly” we “Ajy günlerdäki söý­gi”, Fren­sis Skott Fis­je­ral­dyň “Be­ýik Gets­bi” ýa­ly eser­le­ri­niň bar­dy­gy­ny aýt­dy­lar.

Şeý­le hem “Wa­ters­to­nes” hä­zir­ki za­man ýa­zy­jy­la­ry­nyň uly göw­rüm­li ro­man­la­ry­nyň sa­tu­wy­nyň ösü­şi­ni hem ha­sa­ba al­dy. Hi­la­ri Men­te­liň “Aý­na we ýag­ty­lyk” at­ly ese­ri iň köp sa­ty­lan ki­tap­la­ryň ba­şy­ny çek­di. Onuň yz ýa­nyn­dan Don­na Tar­ttyň “Ala­to­gan” we “Syr­ly ta­ryh”, De­wid Fos­ter Wol­le­siň “Tü­ke­nik­siz de­giş­me” we Han­ýa Ýa­na­g­iha­ra­nyň “Ki­çi­jik dur­muş” at­ly eser­le­ri gel­ýär. Şeý­le hem hy­ýa­ly ro­man­lar, şol san­da, Mar­ga­ret Et­wu­dyň “Gyr­na­gyň er­te­ki­si”, Jorj Oruel­liň “1984” we Ol­dos Haks­li­niň “Gö­zel tä­ze dün­ýä” ýa­ly ro­man­la­ry geç­gin­li ki­tap­lar bol­du­lar.