Tä­ze iki ýurt go­şu­lar. Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­ne ag­za 27 döw­le­tiň ýol­baş­çy­la­ry tä­ze iki ag­za­nyň – Al­ba­ni­ýa­nyň we De­mir­ga­zyk Ma­ke­do­ni­ýa­nyň bi­le­le­şi­ge go­şul­ma­gy bo­ýun­ça gep­le­şik­le­re baş­la­mak ka­ra­ry­na gel­di. “Biz 2020-nji ýy­lyň 25-nji mar­tyn­dan baş­lap, Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň Ge­ňe­şi­niň gi­ňelt­mek, dur­nuk­laş­dyr­mak we bir­leş­dir­mek ba­ra­da­ky ka­rar­la­ry­ny tas­syk­la­ýa­rys” diý­lip, Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň wi­deo­kon­fe­ren­si­ýa ar­ka­ly ge­çi­ri­len sam­mi­ti­niň jem­leý­ji be­ýa­na­tyn­da mä­lim edil­ýär.

G7 sam­mi­ti ge­çi­ri­ler. ABŞ-nyň Pre­zi­den­ti Do­nald Tramp G7 ýurt­la­ry­nyň li­der­le­ri­niň du­şu­şy­gy­ny wi­deo­kon­fe­ren­si­ýa ar­ka­ly ge­çi­rmek barada karara geldi. Bu ba­ra­da ABŞ-nyň mil­li yk­dy­sa­dy ge­ňe­şi­niň mü­di­ri we 2020-nji ýyl­da “Uly ýe­di­li­giň” esa­sy ut­gaş­dy­ry­jy­sy Lar­ri Kud­low ha­bar ber­di. G7 ýurt­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry ap­rel we maý aý­la­ryn­da şeý­le ter­tip­de ara­gat­na­şyk gur­ma­gy me­ýil­leş­di­r­ýär­ler. Mun­dan ozal, G7 li­der­le­ri­niň sam­mi­ti­niň iýun aýyn­da ABŞ-nyň Prezidentiniň Kemp-De­wid­dä­ki re­zi­den­si­ýa­syn­da me­ýil­leş­di­ril­ýän­di­gi ha­bar ber­lip­di.

“Si­bi­riň güý­ji-2” tas­la­ma­sy­na gi­ri­şi­ler. Rus­si­ýa­nyň Pre­zi­den­ti Wla­di­mir Pu­tin “Gazp­rom”-yň baş­ly­gy Alek­seý Mil­le­re Hy­taý ug­ry bo­ýun­ça “Si­bi­riň güý­ji-2” tas­la­ma­sy­na baş­la­ma­gy tab­şyr­dy. “Gazp­rom”-yň baş­ly­gy uly gaz gor­la­ry ba­ra­da we rus ba­za­ry üçin, gaz üp­jün­çi­li­gi­ni 2 es­se art­dyr­ma­ga müm­kin­çi­li­giň bar­dy­gy­ny Pre­zi­den­te ha­bar ber­di. Rus­si­ýa­nyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň ke­pil­len­di­ri­len gaz üp­jün­çi­li­gi eks­por­ta tä­ze möç­ber­le­ri iber­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. Tä­ze “Si­biriň güýji-2” gaz ge­çi­ri­ji­si Mon­go­li­ýa­nyň üs­ti bi­len Gün­ba­tar Hy­taý ba­za­ry­na ýyl­da 50 mil­liard kub metr gaz iber­mä­ge müm­kin­çi­lik be­rer.

Ast­rid Lindg­ren baý­ra­gy ber­ler. Her ýyl­da guralýan “Ast­rid Lindg­ren Me­mo­ri­al” baý­rak gow­şu­ry­lyş da­ba­ra­sy 31-nji mart­da Stok­golm­da ge­çi­ri­ldi. Bu da­ba­ra 2002-nji ýyl­dan bä­ri Şwe­si­ýa­da ge­çi­ril­ýär we ça­ga­lar ede­bi­ýa­ty­na go­şant goşanlara berilýär. Da­laş­gär­ler adat­ça, dö­re­di­ji­li­gi Ast­rid Lindg­re­niň eser­le­ri­ne eýer­ýän ýa­zy­jy­lar­dan we su­rat­keş­ler­den yba­rat­dyr. Emin ag­za­la­ry her dört ýyl­dan Şwe­si­ýa­nyň Me­de­ni­ýet me­se­le­le­ri bo­ýun­ça ge­ňe­şi ta­ra­pyn­dan bel­len­ýän 12 adam­dan yba­rat. Baý­rak ýa­zy­jy­nyň Stok­golm­da­ky öýün­de be­ril­ýär.