463234.jpgDün­ýä­niň il­kin­ji reňk­li fo­to­su­ra­ty 1848-nji ýyl­da fran­suz fi­zi­gi Ed­mon Bek­ke­rel ta­ra­pyn­dan dü­şü­ri­lip­di. Şol dö­wür­ler uly açyş ha­sap edi­len bu usu­lyň nä­hi­li dur­mu­şa ge­çi­ri­len­di­gi, hä­zi­re çen­li mä­lim bol­man­dy. Go­laý­da hü­när­men­ler ök­de fi­zi­giň reňk­li su­ra­ty nä­dip dö­re­den­di­gi­niň üs­tü­ni aç­dy­lar. Bu su­rat­lar­dan ga­ty az san­ly­sy dü­şü­ri­lip­dir. 170 ýyl­dan gow­rak wagt ge­çen su­rat­lar­da ula­ny­lan usu­ly Fran­si­ýa­nyň Mil­li yl­my-bar­lag mer­ke­zi (CNRS), Pa­riž-Sak­le uni­wer­si­te­ti­niň we Ta­ryh mu­ze­ýi­niň hü­när­men­le­ri öw­ren­di­ler. Hü­när­men­ler il­ki, ýag­ty­lyk bi­len tä­sir­leş­mä gir­me­giň ne­ti­je­sin­de eme­le gel­ýän reňk pig­ment­le­ri­ni bar­la­dy­lar. Em­ma mun­dan ne­ti­je alyp bil­me­di­ler. Soň­ky bar­lag­da na­no öl­çeg­dä­ki kü­müş bö­le­jik­le­ri­niň yşy­gyň reň­ki­ne gö­rä bir­leş­ýän­di­gi­ni ýa-da bö­lün­ýän­di­gi­ni anyk­la­dy­lar. Ne­ti­je­de, fi­zi­giň reňk­li su­rat dö­ret­mek üçin bu usul­dan peý­da­la­nan­dy­gy mä­lim bol­dy. Hä­zi­re çen­li bi­lim dün­ýä­sin­de reňk­li su­rat­la­ryň nä­dip dü­şü­ri­len­di­gi ba­ra­da dür­li je­del­ler bar­dy.