Tigir adamzadyň iň gadymy oýlap tapan zatlaryndan biridir. Alymlaryň subutnamalaryna laýyklykda, biziň eýýamymyzdan öňki V müňýyllyga degişli tigir şekilleriniň bolandygy mälim edilýär. Şonuň üçin tigir sözüniň örän gadymydygy geň däldir. Elbetde, şu wagtky rus dilindäki tigir slawýan dilinden gelip çykypdyr. Bu bolsa öz gezeginde gelip çykyşy boýunça hindi-ýewropa dillerinde “aýlanmak, öwrüm” diýen manylary berýär. Aslynda, “kolo” slawýan dilleriniň köpüsinde duş gelýär. Mundan başga-da, hatda iňlis dilindäki “wheel” tigir sözüniň köküniň hem gadymy iňlis “hwēol” sözünden gelip çykandygy mälim edilýär.
Tigir Ýewropanyň käbir ýurtlarynda, hususan-da Germaniýada “rad”, Fransiýada “roué”, Italiýada bolsa “ruota” diýlip atlandyrylýar.
Myrat ALYMOW,
S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň talyby.