8-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P. Agamyradowyň hem-de bilim ministri M. Geldinyýazowyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynda dünýäde ýaýran koronawirus ýokanjy bilen baglanyşykly ýaramaz ýagdaýlaryň täsirine garşy göreşmek meseleleri we Türkmenistana bu keseliň aralaşmagynyň öňüni almak boýunça ýaýbaňlandyrylan çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem hemmetaraplaýyn ösen, beden we ruhy taýdan kämil ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek, bilimiň, ylmyň hem-de önümçiligiň özara baglanyşygyny yzygiderli pugtalandyrmak wezipelerine garaldy.
Döwlet Baştutanymyz bu howply keseliň Türkmenistanyň çägine mundan beýläk hem ýokuşmaz ýaly degişli işleriň öz wagtynda geçirilendigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz bu çylşyrymly ýagdaýyň dünýäde dowam edýändigini nazara alyp, mundan beýläk hem onuň Türkmenistanyň çäklerine aralaşmagynyň öňüni almak boýunça ähli tagallalaryň edilmelidigini aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz howply ýokanç keseliň öňüni almak boýunça amala aşyrylýan toplumlaýyn işleriň ähmiýeti barada aýdyp, bu ugurda durmuşa geçirilýän zerur çäreleriň yzygiderli hem-de hemmetaraplaýyn häsiýete eýe bolmagynyň zerurdygyna ünsi çekdi. Munuň özi ilatyň saglyk ýagdaýynyň ýokary derejede saklanmagynda, ýurdumyzda ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almakda aýratyn wajypdyr.
Hormatly Prezidentimiz dünýäde ýüze çykan çylşyrymly ýagdaýlary nazara alyp, degişli düzümlerde alnyp barylýan işler barada hasabat bermek üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
P. Agamyradowa söz berdi. Wise-premýer gözegçilik edýän saglygy goraýyş, ylym-bilim, sport ulgamlarynda, jemgyýetçilik guramalarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada aýdyp, ýurdumyzda koronawirus ýokanjynyň ýüze çykmagynyň öňüni almak boýunça ýerine ýetirilýän toplumlaýyn öňüni alyş çäreleri barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Türkmenistanda ýiti öýken sowuklama keseliniň ýüze çykmagyna garşy anyk we toplumlaýyn çäreleriň alnyp barylmalydygyna ünsi çekdi hem-de işleriň netijeli häsiýete eýe bolmagy üçin ähli zerur tagallalaryň edilmelidigini tabşyrdy. Halkymyzyň saglygy ýurdumyzyň esasy gymmatlygy bolmak bilen, saglygy goramak işlerine ýokary jogapkärçilikli çemeleşilmelidir. Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda, bilim ojaklarynda alnyp barylýan işler häzirki zamanyň ýokary talaplaryna we ösen halkara ülňülere laýyk gelmelidir.
Şunlukda, döredilýän mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, degişli çäreler yzygiderli durmuşa geçirilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz belledi we bu babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.
ÖSEN TEHNOLOGIÝALY
BILIM ULGAMY
Maslahatyň dowamynda bilim ministri M.Geldinyýazow döwlet Baştutanymyzyň ylymly-bilimli sagdyn nesilleri kemala getirmek, täzeçil tehnologiýalary we ylmyň gazananlaryny giňden ornaşdyrmak bilen baglanyşykly meseleleri işjeňleşdirmek boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Milli Liderimiz hasabaty diňläp hem-de häzirki döwürde ýurdumyzyň bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn we ylmy-usulyýet binýadynyň yzygiderli pugtalandyrylýandygyny, bu ugurda ähli zerur şertleriň döredilýändigini belledi.
Şunuň bilen baglylykda, häzirki zamanyň ösen mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak, dünýäniň ösen tejribesini bilim ulgamyna ornaşdyrmak meselelerine zerur ähmiýet bermek babatda ministre tabşyryk berildi. Döwlet Baştutanymyz çagalar baglarynda, orta we ýokary okuw mekdeplerinde dünýäde ýüze çykan çylşyrymly ýagdaýlaryň ýurdumyzda ýaýramagynyň öňüni almak boýunça zerur işleriň geçirilmelidigini belledi hem-de bu babatda ministre birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz ýokanç keselleriň halkymyzyň saglygyna ýaramaz täsirine garşy başy başlanan işi dowam etmegiň zerurdygyny belläp, şu maksat bilen ýurdumyzyň ilatynyň ähli toparlarynyň saglyk ýagdaýyna baha bermek üçin, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, öňüni alyş lukmançylyk barlaglaryny we goşmaça barlag usullaryny öz içine alýan çäreler toplumyny guramagy tabşyrdy.
Şunuň bilen baglylykda, etraplarda we şäherlerde öz işini degişli tertipnama boýunça alyp barýan ýörite lukmanlar toparlary döredilmelidir. Döwlet Baştutanymyzyň aýdyşy ýaly, bu işler, ilki bilen, çagalar baglaryndan, orta hem-de ýokary okuw mekdeplerinden başlansa, maksadalaýyk bolar.
Häzirki döwürde maglumat tehnologiýalarynyň ýokary depginler bilen ösýändigini, dünýä ylmynyň gazananlarynyň we okatmagyň öňdebaryjy usullarynyň yzygiderli täzelenip durýandygyny nazara alyp, halkymyzyň milli däp-dessurlary we dünýä tejribesi esasynda bilim ulgamynyň ähli basgançaklarynda okatmagyň innowasion usullary hem-de öňdebaryjy mugallymçylyk tejribeleri ornaşdyrylmalydyr.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, häzirden başlap, 2020-2021-nji täze okuw ýylyna ýokary derejede taýýarlyk görülmelidir. Häzirki döwürde Türkmenistanda maglumat tehnologiýalaryna we sanly ykdysadyýete geçmek meselesine aýratyn üns berilýändigini nazara alyp, bu ugurdan hünärmenler taýýarlanylmalydyr.
Şeýle hem bilim edaralarynyň hemmesiniň sanly ulgama geçirilmegini dowam etmek, mugallymçylyk ugurly bilim edaralarynda giň dünýägaraýyşly, ýokary hünär derejeli mugallymlary taýýarlamak, hünär biliminiň ähli ugurlarynyň baglanyşygyny üpjün etmek maksady bilen, orta hünär bilim ulgamynyň binýadynda ugurdaş hünärler boýunça ýokary okuw mekdepleri üçin hünär bilim maksatnamasyny işläp taýýarlamak zerurdyr. Hormatly Prezidentimiz okgunly ösýän tehnologiýalary hasaba almak bilen, bilim edaralarynda täze hünärleriň yzygiderli girizilmeginiň wajypdygyny aýtdy.
“ALTYN NESIL” ÇAGALAR
GURAMASY DÖREDILER
Şeýle hem umumy bilim berýän ýöriteleşdirilen mekdeplerde çagalaryň we ýaşlaryň täze tehnologiýalardan oňat baş çykarmaklary üçin robot tehnologiýasy ugurly orta mekdepleri açmagyň wajypdygy bellenildi. Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň öz işini 14-den uly ýaşdaky nesillere niýetläp alyp barýandygyny aýdyp, hormatly Prezidentimiz orta mekdepleriň 7-14 ýaşly okuwçylaryny özünde birleşdirýän Türkmenistanyň “Altyn nesil” atly çagalar guramasynyň döredilmegini maksadalaýyk hasaplaýandygyny belledi. Mekdep okuwçylarynyň psihologik aýratynlyklary esasynda okuw-terbiýeçilik işlerini ýola goýmak maksady bilen, okuwçylarynyň sany 300-den geçýän orta mekdeplerde psiholog mugallymyň wezipesini girizmek meselesi öwrenilmelidir.
MEKDEP OKUWÇYLARYNYŇ
OKUWA HÖWESI ARTDYRYLAR
Okuwda we jemgyýetçilik işlerinde ýokary netijeleri gazanýan çagalar altyn, kümüş we bürünç medallar bilen sylaglanylsa, ýokary synplarda okaýanlara bolsa Prezident okuwçy haky gowşurylsa, çagalaryň zehininiň ösmegine ýardam berýän ugurlara ýöriteleşdirilen döwlet merkezleri döredilse, işiň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyna ýardam ederdi.
BMG-niň Hökümetimiz tarapyndan kabul edilen Durnukly ösüş maksatlarynyň görkezijilerine laýyklykda, bilimiň ýokary hiliniň üpjün edilmegini gazanmaly diýip, milli Liderimiz aýtdy. Şu maksat bilen, döwlet Baştutanymyz BMG-niň Çagalar gaznasy bilen hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmegiň, ýokary okuw mekdepleri üçin ylmyň we tehnikanyň iň täze gazananlaryna esaslanyp, häzirki zaman innowasiýa ösüşiniň halkara talaplara laýyk gelýän täze döwlet bilim standartlaryny taýýarlamagyň we ornaşdyrmagyň wajypdygyny belledi.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ylym bilen ýokary okuw mekdebiniň baglanyşygyny has-da güýçlendirmegi, talyplaryň, aspirantlaryň, ýaş alymlaryň we professor-mugallymlaryň toplumlaýyn ylmy barlaglary geçirmegi üçin ýokary okuw mekdepleriniň ýanynda tehnologiýa we innowasiýa merkezlerini döretmegi, ylmy we ylmy-pedagogik mekdepleri ösdürmek meselesini öwrenmegi talap etdi.
Döwlet Baştutanymyz şu gün garalan meseleleri üns merkezinde saklamagy hem-de görülýän öňüni alyş çäreleriniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyryp, maslahata gatnaşyjylara öňde goýlan wezipeleri çözmekde üstünlikleri arzuw etdi.