Su­ker­berg öň­de­li­gi eýe­le­di. Hy­ta­ýyň “Hu­run” yl­my-bar­lag ins­ti­tu­ty­nyň hü­när­men­le­ri “Hu­run Glo­bal 40 and Un­der Self-Ma­de Bil­lio­nai­res 2020” at­ly sa­na­wy düz­dü­ler. Bu sa­na­wa äh­li za­dy öz güý­ji bi­len ga­za­nan ýa­şy 40-a çen­li bo­lan ýaş mil­lio­ner­ler gi­ri­zi­len. Bu sa­na­wyň ba­şy­ny bäş ýyl bä­ri “Facebook”-yň baş­ly­gy bo­lup iş­le­ýän Mark Su­ker­berg çe­kip, onuň baý­ly­gy 84 mil­liard dol­la­ra deň. Sa­na­wa dün­ýä­niň dür­li kün­jek­le­rin­den 53 ýaş mil­li­oner gi­ri­zi­lip, ge­çen ýyl­ky sa­naw bi­len de­ňeş­di­ri­len­de, ola­ryň sa­ny 7-ä çen­li art­dy. Ola­ryň or­ta­ça baý­ly­gy 5,2 mil­liard dol­la­ra deň.

80 mü­ňe çen­li iş­çi alar. “Deutsche Wel­le” ha­bar gul­lu­gy­nyň ha­ba­ry­na gö­rä, ap­rel we maý aý­la­ryn­da Ger­ma­ni­ýa her aý­da 40 mü­ňe çen­li möw­süm­le­ýin mig­ran­tyň ýur­da gir­me­gi­ne rug­sat be­rer. Şeý­le ka­rar Içe­ri iş­ler mi­nist­ri Horst Zee­ho­fer we Oba ho­ja­ly­gy mi­nist­ri Ju­lia Klek­ner ta­ra­pyn­dan yg­lan edil­di. Bu çä­re mi­we­le­riň we gök önüm­le­riň kä­bir gör­nüş­le­ri­niň ýet­mez­çi­li­gi­niň öňü­ni al­mak mak­sa­dy bi­len ka­bul edil­di. Möw­süm­le­ýin iş­çi­le­riň kö­pü­si­niň Gün­do­gar Ýew­ro­pa­dan, esa­san hem, Ru­my­ni­ýa­dan we Pol­şa­dan gel­me­gi­ne ga­ra­şyl­ýar. Ýe­ne-de 20 müň ada­my bol­sa, Ger­ma­ni­ýa­nyň ila­ty­n­dan işe al­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýär.

OPEK-iň ýyg­na­gy geçirildi. Ne­bit ba­za­ry­ny kadalaşdyrmak ba­ra­da ada­lat­ly yla­la­şyk ga­zan­mak maksady bilen OPEK+ ýurt­la­ry 9-njy ap­rel­de wi­deo­kon­fe­ren­si­ýa ar­ka­ly mas­la­hat ge­çir­di­ler. Bu ba­ra­da Sa­ud Ara­bys­ta­nynyň met­bu­gat gul­lu­gynyň be­ýa­natyn­da aý­dyl­ýar. Sa­ud Ara­bys­ta­ny, ne­bit ba­za­ryn­da­ky de­ňag­ram­ly­gy saz­la­mak üçin OPEK+ to­pa­ryn­da yla­la­şyk ga­zan­mak ug­run­da­ky ta­gal­la­la­ry­ny gaý­gyr­ma­jak­dy­gy­ny bel­läp geç­di. Pa­ty­şa­lyk OPEK+-iň 22 ýur­dun­dan gol­daw al­dy. Bu ýüz­len­me Pa­ty­şa­ly­gyň dün­ýä yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ni gol­da­mak bo­ýun­ça alyp bar­ýan iş­le­ri­niň bir bö­le­gi­dir.

BMG-niň ho­wa mas­la­ha­ty. BMG-niň ho­wa mas­la­ha­ty Şot­lan­di­ýa­nyň Glaz­go şä­he­rin­de me­ýil­leş­di­ril­ýär. Bu ba­ra­da Finl­ýan­di­ýa­nyň Ho­wa we daş­ky gur­şaw mi­nistr­li­gi­niň Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň iş­gär­le­ri­ne sal­gy­la­nyp be­ren be­ýa­natyn­da aý­dyl­ýar. Be­ýa­na­ta gö­rä, BMG-niň Ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi bo­ýun­ça 26-njy mas­la­ha­ty 2021-nji ýyl­da ge­çi­ri­ler. Bu çä­rä dün­ýä­niň dür­li kün­jek­le­rin­den 30 müň­den gow­rak we­kil gat­na­şar. Hy­ta­ýyň Kun­ming şä­he­rin­de me­ýil­leş­di­ril­ýän BMG-niň bio­dür­lü­lik bo­ýun­ça mas­la­ha­ty hem, 2021-nji ýy­lyň okt­ýabr aýyn­da ge­çi­ri­ler.

Lo­te­re­ýasy utdy. ABŞ-nyň Neb­ras­ka şta­ty­nyň ýa­şaý­jy­sy Braýan Pirs­on, köp muk­dar­da pul uta­nyn­dan bir­nä­çe ýyl soň­ra, ýe­ne-de lo­te­re­ýa­sy ut­dy. ABŞ-nyň UPI ha­bar gul­lu­gy­nyň ha­ba­ry­na gö­rä, ol hy­ýa­ly san­la­ry ulan­yp­dyr. Kim­bal şä­he­ri­niň ýa­şaý­jy­sy mart aýyn­da dü­kan­la­ryň bi­rin­den lo­te­re­ýa bi­le­ti­ni sa­tyn al­yp, 280 müň dol­lar ut­dy. Onuň söz­le­ri­ne gö­rä, bu onuň soň­ky bir­nä­çe ýyl­da ikin­ji utu­şy­dyr. Ol mun­dan ozal 25 müň dol­lar­ pul utan eken. Ol her ge­zek­de san­la­ryň gur­lu­şy­ny saý­lan­dy­gy­ny bo­ýun al­dy. Braýan saý­lan san­la­rynyň mer­hum aýa­ly bi­len bag­la­ny­şyk­ly­dy­gy­ny aýt­dy.

Baý­de­n öňe saýlandy. ABŞ-nyň Wer­mont şta­ty­nyň se­na­to­ry Ber­ni San­ders no­ýabr aýyn­da ABŞ-da ge­çi­ril­jek Pre­zi­dent saý­law­la­ry­na öz da­laş­gär­li­gi­ni hö­dür­le­ýän de­mok­rat­la­ryň bäs­le­şi­gin­den çe­kil­ýän­di­gi­ni ha­bar ber­di. Ber­ni San­ders, de­mok­ra­tik par­ti­ýa ta­ra­pyn­dan pre­zi­dent­li­ge da­laş­gär bol­mak hu­ku­gy ug­run­da­ky bäs­le­şik­de ABŞ-nyň ozal­ky wi­se-pre­zi­den­ti Jo­zef Baý­de­niň ýe­ke-täk bäs­de­şi­di. In­di de­mok­rat­lar­dan ýe­ke-täk da­laş­gär hök­mün­de, Jo­zef Baý­den öňe saý­lan­dy.

Bill Geýt­siň ka­ra­ry. “Micro­soft” kor­po­ra­si­ýa­sy­ny esas­lan­dy­ry­jy­la­ryň bi­ri bo­lan ame­ri­ka­ly işe­wür Bill Geýts di­rek­tor­lar ge­ňe­şin­den çe­kil­di. Geýts, “Micro­soft”-yň baş di­rek­to­ry­nyň we beý­le­ki ýol­baş­çy­la­ry­nyň teh­ni­ki me­se­le­ler bo­ýun­ça ge­ňeş­çi­si bol­ma­gy­ny do­wam et­di­rer. Hä­zir­ki wagt­da kom­pa­ni­ýa­nyň baş­ly­gy Sat­ýa Na­del­la­dyr. Geýts özü­niň we aýa­ly Me­lin­da­nyň dö­re­den ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy­na has köp wagt sarp et­mek üçin, 2008-nji ýy­lyň iýun aýyn­dan bä­ri “Micro­soft”-a gat­na­şy­gy­ny azalt­dy. “Micro­soft”-yň di­rek­tor­lar ge­ňe­şi­niň in­di 12 ag­za­sy bar. “Micro­soft” 1975-nji ýyl­da Bill Geýts we Pol Al­len ta­ra­pyn­dan esas­lan­dy­ryl­dy.