Kos­mo­sy ýa­kyn­dan öw­ren­mek mak­sa­dy bi­len ge­çen asy­ryň or­ta­la­ryn­dan bä­ri as­man gi­ňiş­li­gi­ne ýüz­ler­çe en­jam uçu­ryl­dy. Şon­dan bä­ri kos­mos pu­da­gyn­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler ara­gat­na­şy­gyň we yl­myň ös­me­gi­ne uly go­şant goş­ýar. Şol se­bäp­den bu ug­ra has köp ma­ýa go­ýum gö­nük­di­ril­ýär. ABŞ-nyň ae­ro­kos­mos eda­ra­sy NA­SA Aýyň ýü­zün­de te­les­kop gur­magy maksat edinýär. Aý Kra­te­ri Ra­dio Te­les­ko­py (LCRT) at­ly tas­la­ma­nyň çäk­le­rin­de Ýe­riň hem­ra­sy­nyň ga­raň­ky ta­ra­pyn­da te­les­kop gur­lar. Aýyň ýü­zün­dä­ki gür­leň­gü­jü­giň hi­ni­ne meň­zeş çu­kur­lar ösen ara­gat­na­şyk en­ja­my gur­mak üçin amat­ly ha­sap­lan­ýar. Beýige çykyp bilýän ro­bot­lar ta­ra­pyn­dan gu­rul­jak ara­gat­na­şyk en­ja­my has uzak­da­ky sig­nal­la­ry al­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­er. Hü­när­men­ler Aý­da gu­rul­jak te­les­ko­pyň Ýer­dä­ki­ler­den has köp ar­tyk­maç­ly­gy­nyň bol­jak­dy­gy­ny aýd­ýar­lar. Kos­mos­dan gel­ýän dür­li zy­ýan­ly şöh­le­ler, şol san­da beý­le­ki sig­nal­lar at­mos­fe­ra ta­ra­pyn­dan yzy­na ser­pik­di­ril­ýär. Şol se­bäp­li Ýer­dä­ki an­ten­na­lar kä­bir sig­nal­la­ry ka­bul edip bil­me­ýär. Aýyň bi­ze gö­rün­me­ýän ta­ra­py­na ýer­leş­di­ril­jek an­ten­na­lar bol­sa, bu mag­lu­mat­la­ry top­la­ma­ga ýar­dam eder. Aý­da te­les­kop gur­mak ba­ra­da­ky pi­kir öň hem bar­dy.