Dünýä döwletleri daşky-gurşawy goramak, tebigy baýlyklary aýawly saklamak, olary geljekki nesillere ýetirmek babatda uly tagalla edýär. Soňky ýyllarda howanyň ýagdaýynyň ýygy-ýygydan üýtgäp durmagy, bu ugurda ýüze çykýan howplaryň öňüni almak üçin uly işler edilýär. Mälim bolşy ýaly, geçen ýyl Fransiýanyň paýtagty Pariž şäherinde howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça halkara maslahat geçirildi. Şonuň netijesinde, Pariž şertnamasy taýýarlanyp, oňa-da eýýäm dünýä döwletleriniň ençemesi goşuldy. 180 döwlet şertnama gol çeken bolsa, 22 döwlet ony milli mejlisinde tassyklady.
Şu ýylyň maý aýynda Birleşen Milletler Guramasynyň howanyň üýtgemegi boýunça çarçuwaly konwensiýasynyň ýerine ýetiriji sekretarlygyna Patrisiýa Espinosa bellendi. Hanym Patrisiýa Pariž şertnamasynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegine gözegçilik etmek tabşyryldy. Golaýda ol BMG-niň Täzelikler merkeziniň habarçysy bilen söhbetdeş bolanda, dünýäde ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek babatda edilýän işler barada gürrüň berdi.
– Siz öz eýeleýän wezipäňiz döwründe haýsy işleri durmuşa geçirmegi maksat edinýärsiňiz?
– Maňa örän gowy wagtda konwensiýanyň sekretariaty ynanyldy. Köp ýyllyk gepleşiklerden soňra Pariž şertnamasy tassyklandy. Ol taryhy resminama boldy. Biz indi dünýä döwletleriniň hökümetleriniň syýasy erkine, hususy pudagyň hem-de raýat jemgyýetiniň goldawyna, şeýle hem Ýer şarynda ýaşaýan adamlaryň az uglerodly ykdysadyýete geçmek babatdaky tagallalaryna bil baglaýarys. Men hem dünýäniň ekologiýa taýdan arassa bolmagyny gazanmak ugrunda alnyp barylýan işlere öz goşandymy goşmak isleýärin. Bu ýerde biziň planetamyzyň geljeginiň has gowy bolmagy üçin hemmeleri bu işe işjeň goşulmaga çagyrýaryn.
– Pariž şertnamasynyň ekologiýa abadançylygyny gazanmak babatda ähmiýetli boljakdygyna ynanýarsyňyzmy? Şu ýylyň dowamynda bu şertnamanyň güýje girmegini gazanmak mümkin bolarmy?
– Pariž şertnamasy howanyň üýtgemeginiň öňüni almak babatda dünýä derejesinde alnyp barylýan göreşe ähli adamlaryň gatnaşmagyny gazanmak maksady bilen kabul edildi. Bu ýerde esasy iş ýene-de dünýä ýurtlarynyň hökümetlerine düşýär. Şeýle hem jemgyýetiň ähli gatlaklary çetde durman, şertnamanyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşmagyny gazanmak gerek.
Howanyň üýtgemegine garşy göreş – adamlaryň abadan durmuşda ýaşamagyny gazanmak ugrunda alnyp barylýan işler bolup durýar. Onuň üýtgemegi hemme adamlara degişlidir. Her bir adamyň özüniň howanyň üýtgemegine sebäp bolup bilýändigini duýmagy zerur. Şonuň üçin howany hapalaýandygyňy duýup, ondan gaça durmagy başarmak gerek.
Häzirki wagtda şertnamany 22 döwlet tassyklady. Meniň pikirimçe, bu örän gowy netije. BMG-niň Baş sekretarynyň gatnaşmagynda şu ýylyň 21-nji sentýabrynda geçiriljek ýörite maslahata çakylyklary iberdik. Bu çäre şertnamany tassyklamagyň işini çaltlandyrar we döwletler bu şertnama boýunça öz üstüne alan borçnamalaryny ýerine ýetirmäge girişer.
Biz hem işlerimizi birnäçe ugur boýunça alyp bararys. Dünýä döwletlerine goldaw berip, olaryň özara hyzmatdaşlygyny berkitmäge çalşarys. Her ýyl şertnama gatnaşýan ýurtlar üçin yzygiderli maslahatlar gurarys.
2015-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň howanyň üýtgemegi boýunça çarçuwaly konwensiýasynyň 193 agzasy Pariž şertnamasyny kabul etdi. Baş sekretar Pan Gi Mun bu ugurdaky gepleşikleriň adamzadyň taryhynda örän möhüm ähmiýete eýe bolandygyny belledi.
– Iň soňky sowalym şahsy. Siz näme üçin bu wezipäni kabul etdiňiz?
– Döwlet gullugynda, hususan-da, öz ýurdumyň daşary işler ministri wezipesinde işlän döwrümde köp ýurtlara baryp gördüm. Ekologiýa meseleleriniň köpüsiniň şaýady boldum. Esasan hem, Latyn Amerikada we Karib deňziniň basseýninde. Men sebitiň ýurtlarynda suw heläkçiligi, gurakçylyk ýaly tebigy hadysalardan täsirlenen adamlara ynsanperwer kömeklerini ibermek işiniň utgaşdyryjysy boldum. Şonda tebigy hadysalaryň adamlara ýetirýän zeperini öz gözüm bilen gördüm. Öz watanym Meksikada 35 ýyl döwlet işinde işlän döwrümde bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygyna uly ähmiýet berdim. Şonuň üçin BMG-niň howanyň üýtgemegi boýunça çarçuwaly konwensiýasynyň ýerine ýetiriji sekretarlygy meniň üçin örän jogapkärçilikli wezipedir.