Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi gaznasyndan 6 ýurda 50 million dollar möçberinde ynsanperwer kömegini bermek göz öňünde tutulýar. Bu barada BMG-niň Baş sekretarynyň resmi wekili Farhan Hak habar berýär. Onuň aýtmagyna görä, Merkezi Afrika Respublikasyna, Kongo Demokratik Respublikasyna, Ýemen, Çad, Ruanda we Eritreýa ýaly döwletlere ynsanperwer kömekleri ugradylar.
Netijede, 2 million adam ynsanperwer kömegini alar. Merkezi Afrika sebitine 35 million dollar gönükdiriler. Bu sebitdäki ýurtlara, esasan hem, azyk önümleri, suw, lukmançylyk serişdeleri ýaly zerur harytlar iberiler. Ýemen bilen Eritreýa degişlilikde 13 million hem-de 2 million dollarlyk kömek alar.
BMG-niň adatdan daşary ýagdaýlar üçin döredilen Merkezi gaznasy 2006-njy ýylda esaslandyryldy. Bu gaznanyň üsti bilen kömege mätäç ýurtlara öz wagtynda kömek bermek meýilleşdirilýär. Gazna her ýyl 450 million dollar pul serişdeleri ýygnalýar.