16-njy aprelde “Türkmendemirýollary” agentliginiň, “Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Ulag ministrliginiň Demir ýol ulaglary edarasynyň wekilleriniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly maslahat geçirildi. Duşuşygyň barşynda Akina – Andhoý demirýol şahasynyň gurluşygy meseleleri hem-de Turgundy – Hyrat demirýolunyň gurluşygynyň taslamasyny durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.
Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, strategiki ulgamlarda, şol sanda ulag ulgamynda bilelikdäki iri düzümleýin taslamalaryň amala aşyrylmagy Owganystandaky syýasy durnuklylygyň, onuň durmuş-ykdysady taýdan gaýtadan dikeldilmeginiň, sebit we dünýä hojalyk gatnaşyklaryna üstünlikli goşulyşmagynyň esasy şerti bolup durýar.
2019-njy ýylyň iýul aýynda milli Liderimiziň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekillerinden ybarat wekiliýeti OYR-nyň Farýab welaýatynyň Andhoý etrabynyň Akina menzilinde 10 kilometrlik demirýol şahasynyň ulanmaga berilmegi hem-de Akina – Andhoý demir ýolunyň gurluşygyna başlanmagy mynasybetli dabaralara gatnaşdylar.
Bular we işleriň beýleki görnüşleri “Türkmendemirýollary” agentliginiň hem-de goňşy döwletiň Demir ýol ulaglary edarasynyň arasynda Owganystanyň Prezidentiniň ýurdumyza geçen ýylyň fewral aýynda amala aşyran resmi saparynyň barşynda gol çekilen Ähtnamanyň çäklerinde alnyp barylýar.
Wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilýän maslahata gatnaşyjylar pikir alyşmalaryň barşynda döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça işlenip taýýarlanan bu taslamanyň ulag düzüminiň giňeldilmegine hem-de doganlyk ýurtdan hyzmatdaşlarymyza utgaşykly logistiki hyzmatlaryň ýerine ýetirilmegine gönükdirilendir. Taraplar Akina – Andhoý we Turgundy – Hyrat demirýol şahalarynyň ähmiýeti barada aýtmak bilen, olara täze logistika ugurlarynyň birikdirilmegi bilen bu demirýol ugurlarynyň halkara ulag geçelgeleri hökmündäki ähmiýetiniň artjakdygyna ynam bildirdiler. Duşuşyga gatnaşyjylar işleriň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşmak bilen, bu ugurdaky işleriň depginleriniň ýokarlandyrylmagynyň zerurdygyny bellediler.
Hormatly Prezidentimiziň ynsanperwer we parahatçylyk söýüjilikli syýasaty netijesinde Owganystanyň çäklerinde demirýollarynyň gurluşygynyň Türkmenistanyň serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylmagynyň göz öňünde tutulýandygyny bellemek gerek, şunda biziň ýurdumyzyň işgärler mümkinçilikleri we maddy serişdeleri peýdalanylar. Türkmen hünärmenleriniň üstüne diňe bir demirýol şahalaryny çekmek, olara barýan ýollary gurmak işleri däl-de, ugurdaş düzümleriň desgalaryny abadanlaşdyrmak wezipeleri hem ýüklenilýär. Maslahatyň dowamynda şeýle hem OYR-nyň çäklerinden geçýän üstaşyr ýük akymlaryny hem-de demirýol düzümleriniň işlerini netijeli guramak, “Lapis Lazuli” ylalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň arasynda ulag geçelgelerini mundan beýläk-de ösdürmek meseleleri boýunça pikir alşyldy.
Bu meseläni ara alyp maslahatlaşmak bilen, çykyş edenler bu yklymara geçelgesiniň (Owganystan – Türkmenistan – Azerbaýjan – Gruziýa –Türkiýe) uly ähmiýetini nygtadylar, bu geçelgäniň işe girizilmegi giň geoykdysady çäklerde netijeli gatnaşyklaryň has-da giňeldilmegine ýardam berer.
* * *
Şeýle hem wideoaragatnaşyk arkaly “Türkmendemirýollary” agentliginiň, “Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň we Russiýa Federasiýasynyň “Transmaşholding” paýdarlar jemgyýetiniň wekilleriniň arasynda gepleşikler geçirildi.
Hormatly Prezidentimiz tarapyndan demirýol pudagynyň ösdürilmegine uly üns berilýändigi, ulagyň bu görnüşiniň köptaraplaýynlygy hem-de ygtybarlylygy, gatnawlaryň özüne düşýän gymmatynyň şeýle bir gymmat däldigi şertlerinde ýükleriň ähli görnüşlerini diýen ýaly gatnatmaga ukyplylygy hem-de Türkmenistanyň iri logistika merkezine öwrülmegi üçin çäk mümkinçilikleriniň bardygy bilen şertlendirilendir, ýurdumyz Ýewropa – Aziýa aralygyndaky esasy gatnaw ýollaryny öz çäklerinden geçirip, olary herekete getirip biler. Şunuň bilen baglylykda, dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň, şol sanda Russiýanyň iri kärhanalarynyň öndürýän demirýol ulaglarynyň häzirki zaman görnüşleriniň hasabyna bu pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet berilýär.
“Transmaşholding” paýdarlar jemgyýeti Russiýanyň ulag gurluşygy bazarynda öňdäki orny eýeleýär hem-de şunuň bilen baglylykda, biziň ýurdumyz ulag-logistika ulgamynda taslamalary durmuşa geçirmek üçin ägirt uly mümkinçiliklere eýe bolup, netijeli gatnaşyklary işjeň ösdürýär.
Duşuşygyň dowamynda wekiliýetleriň agzalary hyzmatdaşlygy giňeltmäge özara gyzyklanmalary tassyklap, hyzmatdaşlygyň bar bolan uly mümkinçilikleriniň durmuşa geçirilmegine gönükdirilen bilelikdäki tagallalary diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça anyk çäreleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şundan ugur alyp hem-de hormatly Prezidentimiz tarapyndan bu pudagyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmek maksady bilen, taraplar önümçilik, teplowozlary we olar üçin ätiýaçlyk şaýlaryny ibermek hem-de hyzmat etmek meselelerine garadylar. Web-pikir alyşmalaryň çäginde, şeýle hem abatlaýyş we lokomotiw işçiler toparlaryny okatmagyň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy.