Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da giň ge­rim­li öz­gert­me­le­riň yzy­gi­der­li ama­la aşy­ryl­ma­gy ne­ti­je­sin­de, ýur­du­my­zyň mil­li bi­lim ul­ga­my­nyň işi bar­ha kä­mil­leş­di­ril­ýär. Hä­zir­ki dö­wür­de her bir döw­le­tiň ösüş de­re­je­si ylym-bi­lim ul­ga­my­nyň kä­mil­li­gi­ne bag­ly­dyr. Şo­nuň üçin hem ýur­du­myz­da bu ug­ruň hem­me­ta­rap­la­ýyn ös­dü­ril­me­gi­ne uly äh­mi­ýet be­ril­ýär. Ylym-bi­lim pu­da­gy­nyň dün­ýä de­re­je­si­ne çy­ka­ryl­ma­gy ug­run­da giň ta­gal­la­lary ed­ýän hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miziň ýa­kyn­da ge­çi­ren iş mas­la­ha­tyn­da hem ylym-bi­lim pu­da­gy­ny has-da ös­dür­mä­ge de­giş­li me­se­le­ler ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. Bu mas­la­hat ýur­du­my­zyň ylym jem­gy­ýet­çi­li­gin­de uly ho­şal­lyk dö­ret­di.
Hä­zir­ki dö­wür­de ýur­du­my­zyň äh­li pu­dak­la­ryn­da ýo­ka­ry de­re­je­li teh­no­lo­gi­ýa­lar or­naş­dy­ryl­ýar. Döw­re­bap teh­no­lo­gi­ýa­lar yk­dy­sa­dy­ýe­tiň äh­li pu­dak­la­ryn­da uly üs­tün­lik­leri ga­zan­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. Önüm­çi­lik­de hä­zir­ki za­man teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­nyň giň­den or­naş­dy­ryl­ma­gy, wag­tyň tyg­şyt­lan­ma­gy­na hem-de zäh­me­tiň has kä­mil de­re­je­de ama­la aşy­ryl­ma­gy­na giň müm­kin­çi­lik dö­red­ýär. Hä­zir­ki dö­wür­de türk­men ýaş­la­ry­nyň şeý­le teh­no­lo­gi­ýa­lar­dan netijeli peýdalanyp bilmegi ýur­du­my­zyň mil­li bi­lim ul­ga­my­nyň esa­sy we­zi­pe­le­ri­niň bi­ri­ne öw­rül­di.

Ara­gat­na­şyk­la­ryň we ha­bar­laş­ma­gyň tä­ze teh­no­lo­gik usul­la­ry adam­la­ryň tä­ze mag­lu­mat­la­ry al­ma­gy­na, wagt­la­ry­ny gy­zyk­ly ge­çir­me­gi­ne müm­kin­çi­lik ber­ýär. Şo­nuň ne­ti­je­sin­de, ýaş­lar öz­le­ri­niň bi­lim­le­ri­ni hem has-da çuň­laş­dy­ryp, da­şa­ry ýurt­ly ta­lyp­lar bi­len bi­lim alyş-çal­şy­gy­ny hem ge­çir­mä­ge müm­kin­çi­lik al­ýar­lar. Mä­lim bol­şy ýa­ly, wi­deo­kon­fe­ren­si­ýa ul­ga­my ar­ka­ly eý­ýäm ýur­du­my­zyň ýo­ka­ry bi­lim eda­ra­la­ryn­da ne­ti­je­li hyz­mat­daş­lyk­lar ýo­la go­ýul­dy. Ýur­du­myz­da 2025-nji ýy­la çen­li san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­me­giň kon­sep­si­ýa­sy­ny yzy­gi­der­li dur­mu­şa ge­çir­mek, san­ly bi­lim ul­ga­my­ny ös­dür­mek we da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ni okat­ma­gy kä­mil­leş­dir­mek kon­sep­si­ýa­sy bi­len berk bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Şu­nuň ýa­ly köp­ta­rap­la­ýyn mak­sat­na­ma­la­ryň esa­syn­da, jem­gy­ýe­tiň aň-bi­lim we dö­re­di­ji­lik müm­kin­çi­lik­le­ri ýo­kar­lan­ýar. Ýaş alym­la­ry hem-de ýo­ka­ry hü­när­li iş­gär­le­ri taý­ýar­la­mak ba­bat­da uly ösüş­ler ga­za­nyl­ýar. Yl­myň mö­hüm ugur­la­ry bo­ýun­ça yl­my-bar­lag iş­le­ri ge­çi­ril­ýär, hü­när ins­ti­tut­la­ry­nyň dü­zü­mi kä­mil­leş­di­ril­ýär, ýur­du­my­zyň yl­my-teh­ni­ki ösü­şi­ni çalt­lan­dyr­mak­da we döw­let mak­sat­na­ma­la­ry­ny ama­la aşyr­mak­da yl­myň eýe­le­ýän or­ny bar­ha pug­ta­lan­ýar.
San­ly we in­tel­lek­tu­al teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň esa­syn­da uzak ara­lyk­dan okat­ma­gyň tä­ze­çil usul­la­ry­ny iş­läp taý­ýar­la­mak müm­kin­çi­lik­le­ri dö­re­ýär. On­laýn du­şu­şyk­lar yl­my gat­na­şyk­la­ry mun­dan beý­läk-de ber­kit­mä­ge we ös­dür­mä­ge iter­gi ber­ýär. Şeý­le hem hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň mek­dep ok­uw­çy­la­ryn­da in­tel­lek­tu­al teh­no­lo­gi­ýa­la­ra bo­lan gy­zyk­lan­ma­gy ar­tdyr­mak mak­sa­dy bi­len umu­my bi­lim ber­ýän ýö­ri­te­leş­di­ri­len mek­dep­ler­de ça­ga­la­ryň we ýaş­la­ryň tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­lar­dan oňat baş çy­kar­ma­gy üçin ro­bot teh­no­lo­gi­ýa­sy ugur­ly or­ta mek­dep­le­ri aç­ma­gyň has mö­hüm bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny bel­läp geç­me­gi hem ýaş­lar bi­len döw­rüň teh­no­lo­gi­ýa­sy­nyň berk bag­la­ny­şyk­ly­dy­gy­ny gör­kez­ýär.
Ýaş­la­ryň be­den, ru­hy we dü­şün­je-hü­när taý­dan ösü­şi­niň bi­te­wü­li­gi­ni ke­ma­la ge­tir­mek ug­run­da hem giň ta­gal­la­lar edil­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz bu ugur­la­ry hem he­mi­şe üns mer­ke­zin­de sak­la­ýar. Şo­nuň üçin, iş mas­la­ha­tyn­da mil­li Li­de­ri­miz mek­dep ok­uw­çy­la­ry­nyň oku­wa bo­lan hö­we­si­ni has-da art­dyr­mak, ola­ryň mil­li däp-des­sur­la­ry­myz esa­syn­da ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­me­gi ug­run­da­ky öwüt-ün­dew­le­ri hem özü­niň der­wa­ýys­ly­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Bu ba­bat­da 7-14 ýaş­ly mek­dep okuw­çy­la­ry­ny özün­de bir­leş­dir­ýän Türk­me­nis­ta­nyň “Al­tyn ne­sil” at­ly ça­ga­lar gu­ra­ma­sy­nyň dö­re­dil­me­gi­niň, mek­dep okuw­çy­la­ry­nyň psi­ho­lo­gik aý­ra­tyn­lyk­la­ry esa­syn­da okuw-ter­bi­ýe­çi­lik iş­le­ri­ni ýo­la goý­mak mak­sa­dy bi­len, okuw­çy­la­ry­nyň sa­ny 300-den geç­ýän or­ta mek­dep­ler­de psi­ho­log mu­gal­ly­myň we­zi­pe­si­niň gi­ri­zil­me­gi­niň hem-de okuw­da we jem­gy­ýet­çi­lik iş­le­rin­de ýo­ka­ry ne­ti­je­le­ri ga­zan­ýan ça­ga­la­ryň al­tyn, kü­müş we bü­rünç me­dal­lar bi­len sy­lag­la­nyl­ma­gy­nyň, ýo­ka­ry synp­lar­da oka­ýan okuw­çy­la­ra Pre­zi­dent okuw­çy ha­ky­nyň be­ril­me­gi­niň, ça­ga­la­ryň ze­hi­ni­niň ös­me­gi­ne ýar­dam ber­ýän ugur­la­ra ýö­ri­te­leş­di­ri­len döw­let mer­kez­le­ri­niň dö­re­dil­me­gi­niň ylym-bi­lim ul­ga­myn­da­ky öz­gert­me­le­riň has-da ýo­ka­ry dep­gin­le­re eýe bol­jak­dy­gy­nyň no­bat­da­ky su­but­na­ma­sy­dyr.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ýur­du­my­zyň bag­ty­ýar gel­je­gi­ni ylym­ly-bi­lim­li, sag­dyn, giň dün­ýä­ga­ra­ýyş­ly ýaş­lar­da gör­ýär. Ýaş­la­ra ylym-bi­lim, ah­lak we ru­hy taý­dan saz­la­şyk­ly ösüp, ýur­du­my­zyň gel­jek­ki bag­ty­ýar ne­sil­le­ri bo­lup ýe­tiş­me­gi üçin giň müm­kin­çi­lik­le­ri dö­re­dip ber­ýän döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za yl­my jem­gy­ýet­çi­li­gi­niň we­kil­le­ri­niň ho­şal­ly­gy çäk­siz­dir.

Gül­şat ATA­MY­RA­DO­WA,
Türk­men döw­let bi­na­gär­lik-gur­lu­şyk
ins­ti­tu­ty­nyň mu­gal­ly­my.