Dünýäniň iň abraýly guramasy hasaplanýan Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) Baş sekretaryny saýlamak babatda geçirilen saýlawyň üçünji tapgyryna gadam basyldy. Nobatdaky ses berişlik şu ýylyň 29-njy awgustynda BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde geçiriler. Bu barada Howpsuzlyk Geňeşine üstümizdäki aýda başlyklyk edýän Malaýziýanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili Ramlan bin Ibragim habar berýär.
Ol habarçylara beren beýanatynda geňeşiň düzümindäki ýurtlaryň agzalary özara pikir alşandan soňra üçünji tapgyryň gününi belländiklerini mälim etdi. Saýlawyň birinji we ikinji tapgyry degişlilikde 21-nji iýulda we 5-nji awgustda geçirilipdi. 4-nji awgustda Horwatiýanyň ozalky daşary işler ministri Wesna Pusiç dalaşgärlikden çekildi. Häzirki wagtda bu ýokary wezipe üçin 11 dalaşgär bäsleşýär. Iki tapgyryň netijeleri boýunça dalaşgärleriň arasynda BMG-niň bosgunlar boýunça ozalky ýokary komissary Antoniu Guterreş öňde barýar.
BMG-niň düzgünnamasyna görä, guramanyň Baş sekretarlygyna saýlanjak dalaşgär Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik 5 agzasynyň hem-de wagtlaýyn agzalarynyň 4-siniň goldawyna eýe bolmagy gerek. Şonuň üçin Howpsuzlyk Geňeşi bu saýlawda möhüm rol oýnaýar.
PAN GI MUN: – Indiki sekretaryň zenan maşgala bolmagyny isleýärin.
Şu ýylyň ahyrynda wezipe möhleti tamamlanýan BMG-niň häzirki Baş sekretary Pan Gi Mun nobatdaky möhletde öz ornunda zenan maşgalany görmek isleýändigini mälim etdi. Ol bu barada “The Associated Press” habarlar gullugyna beren beýanatynda gürrüň berdi.
– Döwlet we hökümet baştutany wezipesinde, işewürlik dünýäsinde, syýasy we medeni durmuşda we biziň durmuşymyzyň ähli ugurlarynda işleýän tanymal we mynasyp zenanlar az däl – diýip, Pan Gi Mun belledi. Ol dünýäniň ösüşine goşant goşup biljek, dünýä liderleri bilen işjeň işleşjek zenan maşgalalary tanaýandygyny belläp geçdi.
Şeýle hem Pan Gi Mun BMG-niň Baş sekretary wezipesine dalaş edýän mynasyp dalaşgäriň adalatly bolup, ähli adamlaryň diňe gowulyga tarap gitmegi üçin tagalla etmelidigini, durmuş-ykdysady ösüşiň täze belentliklere çykarylmagy üçin alada etmelidigini belledi.
2007-nji ýyldan bäri bu wezipede işleýän Pan Gi Mun 2017-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan işini tabşyrýar. Şu wagta çenli Baş sekretar wezipesine saýlanan 8 syýasatçynyň ählisi hem erkek adam. Şeýle hem Gündogar Ýewropa sebitinden bu wezipä wekilçilik eden bolmady. Köp sanly diplomatyň pikirine görä, Pan Gi Munuň oruntutary saýlanan wagty bu faktorlar täsirli bolup biler.