Germaniýanyň “Fraunhofer ISE” şereketi ýük ulaglaryny öndürýän dört sany kompaniýa bilen bilelikde ýük ulaglaryna oturdyp boljak Gün panellerini işläp taýýarlamaga girişdi. Gün panellerini öndürmekde Ýewropanyň öňdebaryjy şereketleriniň biri bolan “Fraunhofer ISE”, esasan, ulag pudagynda howa goýberilýän hapa gazlaryň öňüni almaga goşant goşmagy maksat edinýär. Geçirilen barlagda ulagyň ýokarsyna ýerleşdirilen paneliň her bir inedördül metri ýylda 150 kW/sagat elektrik energiýasyny öndürip biler. Orta ululykdaky ýük ulagynda 32 inedördül metr meýdanyň bardygyny aýdýan hünärmenler bu ýere ýerleşdiriljek panelleriň öndürýän energiýasy bilen 5 müň kilometr ýol geçip boljakdygyny aýdýarlar. Hünärmenler muny durmuşa geçirmek üçin, ilkinji nobatda, panelleriň ýeňil bolmagynyň üpjün edilmelidigini belleýärler. Sebäbi panel agyr bolsa, ulag hem köp ýangyç sarp edýär. Şol sebäpli paneliň agramy bir inedördül metr üçin 2,2 kg diýlip göz öňünde tutulypdyr. Hünärmenleriň hötdesinden gelmeli ikinji kynçylygy bolsa, paneliň çydamlylygyny üpjün etmek bolup durýar. Ýük ulaglary üçin Gün panelleri taýýarlanan ýagdaýynda ilki bilen sowadyjyly ulaglarda peýdalanmak göz öňünde tutulýar.
Taslama ýolbaşçylyk edýän Kristof Kutter Gün panelleri arkaly ulagyň sarp edýän energiýasynyň 5 göterimini öndürip boljakdygyny aýdýar. Şeýle hem bu paneller geljekde peýda boljak elektrik energiýasy bilen işleýän ulaglarda hem ulanylar.