Polşanyň Prezidenti Anjeý Duda 10-njy maýda geçiriljek Prezident saýlawlaryny poçta arkaly geçirmek pikirini häzirki ýagdaýda mümkin çözgütleriň biri hökmünde öňe sürdi. Ol bu barada Polşanyň radiosynda eden çykyşynda aýtdy. – Saýlawlar 10-njy maýda geçirilmeli – diýip, Anjeý Duda şeýle kararyň milli Assambleýanyň aşaky palatasynyň spikeri tarapyndan Konstitusiýa laýyklykda kabul edilendigini aýtdy.
Ýakynda Polşa Respublikasynyň Assambleýasynyň aşaky palatasy (Seým) uzakdan ses bermek boýunça taslama kabul etdi. Taslamanyň awtorlary häzirki ýagdaýda poçta arkaly ses berlişigiň zerur çäredigini mälim etdiler. Indi täze kanun Senatyň (ýokarky palata) garamagyna iberildi. 10-njy maýda Polşada Prezident saýlawlarynyň birinji tapgyry geçiriler. Dalaşgärleriň hiç birisi 50%-den köp ses alyp bilmese, 24-nji maýda iň köp ses alan iki dalaşgäriň gatnaşmagynda ikinji tapgyr geçiriler.
Prezident saýlawlary Polşada her bäş ýyldan bir gezek geçirilýär. 2015-nji ýylda Anjeý Duda ikinji tapgyrda geçirilen saýlawlarda 51,55% ses alyp, ýeňiş gazanypdy. Oňa 8 million 630 müň raýat ses beripdi.
Polşa Respublikasy Merkezi Ýewropada ýerleşýän döwlet bolup, ilaty 38 milliondan gowrakdyr.