Belarus Respublikasy Ýewropa Bileleşigi bilen özara wiza düzgünini ýeňilleşdirmek we oňa dahylly meseleleri çözmek baradaky şertnamalary tassyklamak işini tamamlady. Makullanan kanunlar Belarusyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko tarapyndan gol çekilip, Belarusyň Milli hukuk internet portalynda goýuldy.
Belarus tarapy üçin şertnamanyň möhüm düzgünleriniň arasynda Belarusyň raýatlary üçin 80-den 35 ýewro çenli arzanlajak Şengen wizasynyň bahasy, şeýle hem syýahatyň maksadyna baglylykda, raýatlaryň köp gatlaklarynyň töleg tölemezden wiza üçin ýüz tutup biljekdigi we birnäçe gezek alyp biljekdigi baradaky ylalaşyk bar.
Ylalaşyga laýyklykda, wiza bermek karary 10 günüň içinde kabul ediler we täjirçilik däl maksatlar üçin mugt wiza bermek üçin esaslaryň sanawy giňeldildi. Mundan başga-da, daşary ýurtlularyň Belarusda bolmagynyň möhleti iki esse – ýylda 90 günden 180 güne çenli artdyryldy. Ýewropa Bileleşigi we Belarusyň wizany ýeňilleşdirmek baradaky şertnamasy 2020-nji ýylyň 8-nji ýanwarynda gol çekilipdi. Wiza şertnamasy raýatlaryň giň topary üçin wiza amallaryny aňsatlaşdyrmagyny we tölegleriň arzanlamagyny göz öňünde tutýar.