Amerikaly alymlaryň geçiren barlaglarynyň netijesine görä, dogan-garyndaşlaryň hem-de ýakyn adamlaryň suratlary fiziki agyrynyň aýrylmagyna kömek edýär. Bu barada “The Daily Mail” gazeti habar berýär.
Neşiriň habaryna görä, Los-Anjeles uniwersitetiniň alymlar topary geçiren barlaglaryndan soňra şeýle netijä gelipdirler. Alymlar munuň beýniniň käbir bölekleriniň işjeňligi bilen berk baglanyşyklydygyny mälim etdiler. Ata-eneleriň, ýakyn garyndaşlaryň, çagalaryň suratlaryny gözden geçirmek beýniniň işleýşini güýçlendirip, gowy duýgulary oýarýar.
– Bu ýerde diş ýa-da kellagyry barada gürrüň baranok. Hassahanalara ýanyň bilen surat äkidip bolar. Şol döwürde ol adamlaryň käbir agyrylaryny köşeşdirmäge kömek edýär – diýip, alymlar belleýär.