Ame­ri­ka­nyň Bir­le­şen Ştat­la­ryn­da (ABŞ) şu ýy­lyň no­ýabr aýyn­da ge­çi­ril­jek pre­zi­dent saý­la­wy­nyň da­laş­gär­le­ri res­mi taý­dan tas­syk­la­nan­dan soň­ra esa­sy gyz­ga­laň­ly döw­re ga­dam ba­syl­dy. De­mok­rat­la­ryň da­laş­gä­ri Hil­la­ri Klin­ton, Res­pub­li­kan­la­ryň da­laş­gä­ri Do­nald Tramp hem-de Li­ber­ta­ri­an­la­ryň da­laş­gä­ri Ge­ri Jon­son ýur­duň iň ýo­ka­ry döw­let we­zi­pe­si üçin öza­ra bäs­le­şer.
Hä­zir­ki wagt­da köp san­ly kom­pa­ni­ýa­dyr şe­re­ket­ler hem-de ne­şir­ler ta­ra­pyn­dan dür­li pi­kir so­raş­ma­lar ge­çi­ri­ler. Go­laý­da onuň ýe­ne-de bi­ri guraldy. “USA To­day” ga­ze­ti­niň ame­ri­ka­ly ýaş­la­ryň ara­syn­da ge­çi­ren pi­kir so­raş­ma­sy­nyň ne­ti­je­si­ne gö­rä, Hil­la­ri Klin­ton özü­niň esa­sy bäs­de­şi Do­nald Tramp­dan 3 es­se köp ses alar.
Ne­şi­re gö­rä, saý­law 8-nji no­ýabr­da däl-de, hä­zir­ki wagt­da ge­çi­ri­len bol­sa, on­da 18-34 ýaş ara­syn­da­ky ýaş­la­ryň 56 gö­te­ri­mi­niň Klin­to­na ses ber­jek­di­gi mä­lim edil­di. Hä­zir ýaş­lar saý­law­lar bi­len iş­jeň gy­zyk­lan­ýar­lar. Ola­ryň 72 gö­te­ri­mi eý­ýäm saý­la­wa gat­naş­ma­ga taý­ýar­dy­gy­ny tas­syk­la­dy.

Oba­ma Klin­to­na gol­daw berýär

ABŞ-nyň Pre­zi­den­ti Ba­rak Oba­ma De­mok­rat par­ti­ýa­sy­nyň da­laş­gä­ri Hil­la­ri Klin­to­na saý­la­wyň öň­ ýa­nyn­da­ky kam­pa­ni­ýa üçin ze­rur bo­lan pul se­riş­de­le­ri­ni ýyg­na­ma­ga kö­mek ber­mä­ge taý­ýar­dy­gy­ny mä­lim et­di. Ol mu­nuň üçin zäh­met dynç al­şy­ny tog­tat­dy. Bu ba­ra­da “The As­socia­ted Press” ha­bar­lar gul­lu­gy ha­bar ber­ýär. Ba­rak Oba­ma we maş­ga­la­sy mu­nuň üçin gu­ral­ýan kä­bir ag­şam­lyk na­har­la­ry­na gat­naş­ýar­lar. Şol ýer­de de­mok­rat­la­ryň kam­pa­ni­ýa­sy üçin ha­ýyr-sa­ha­wat­çy­lar bi­len du­şu­şyk­lar ge­çi­ri­lýär.